“Huawei” Bluetooth we Wi-Fi-dan hem has gowy tehnologiýany işläp taýýarlady
08.08.2023 | 09:12 |Hytaýyň “Huawei” kompaniýasy maglumatlary simsiz alyşmaga ýardam berýän NearLink atly täze tehnologiýany işläp taýýarlady. Ol özünde Bluetooth we Wi-Fi tehnologiýalarynyň iň gowy taraplaryny özünde jemleýär.
Bu simsiz maglumatlary alyşmak tehnologiýasynda täze ähmiýetli öwrülişikdir. Nearlink smartfon, kompýuter ýaly enjamlara netijeli birikýär. Şunda energiýanyň sarp edilişi 60 göterim azalýar.
Nearlinkde maglumatlaryň geçirilişi 6 esse, onuň enjamlara birikme tizligi bolsa 30 esse ýokarydyr. Şeýle hem, täze tehnologiýa arkaly bir wagtda birnäçe enjamy birikdirip bolýar. Umuman alanyňda, bu tehnologiýa arkaly birikmeleriň mukdary 10 esse ýokarydyr.
Bu tehnologiýa arkaly tehnologiýa enjamlaryny, “akylly” öý ulgamyny, ulag serişdelerini we senagat önümçiliklerini birikdirip bolýar.
Nearlink tehnologiýasyny Hytaýyň we daşary döwletleriň öňdebaryjy 300-den gowrak kompaniýasynyň hünärmenleri işläp taýýarlapdyrlar.
ORIENT news