Iň täze habarlar

Türkiýede daýwing (suwa çümmek) üçin iň owadan ugurlar

04.07.2023 | 00:21 |
 Türkiýede daýwing (suwa çümmek) üçin iň owadan ugurlar

Türkiýe daýwing söýüjilerine gark bolan zatlaryň dürlüliginiň, suwasty haýwanat we ösümlik dünýäsiniň baýlygynyň saýasynda tutuş ýyl deňiziň düýbünde geçmişiň yzlaryny öwrenmäge mümkinçilik berýär. Türkiýe, 8500 inedördül kilometr kenar ýakasyndan uzalyp gidip, suwasty syýahatçylyk bilen meşgullanmak we suwasty arheologiýasy we tebigaty bilen baglanyşykly gyzykly tejribe almak isleýänleriň hemmesine garaşýar. Mundan başga-da, Türkiýäniň dury suwlarynda daýwing bilen meşgullanmak, dünýäniň iň gadymy siwilizasiýalarynyň gadymy şäherleri, Ege we Ortaýer deňziniň täsin aşhanasy we ajaýyp üzümçiliklere baryp görmek bilen utgaşdyrylýar.

Çanakkale: Uly suwasty syýahat

Canakkale - Gelibolu 1.jpg

Taryhy suwasty Gallipoli seýilgähi – suwuň aşagynda Canakkale söweşleriniň uly yzlary saklanyp galan dünýädäki iň möhüm suwasty ýüzme merkezlerinden biridir. 150 inedördül kilometr meýdany bolan suwasty seýilgähinde dürli çuňlukda 14 dürli nokatda suwa çümüp bolýar. Gadymy söweş meýdany bolup, şu güne çenli saklanyp galan bu sebitde, gark bolan gämileriň galyndylaryny baryp görüp, bir asyrdan gowrak çuňluga syýahat edip bilersiňiz.

Saros buhtasy daýwing üçin ajaýyp ugurdyr. Güýçli akymlar bilen arassalanýan Ege deňziniň iň zaýalanmadyk burçlaryndan biri bolan bu aýlagda 200-den gowrak deňiz jandarynyň ýaşaýandygy mälimdir.

ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni mirasynyň sanawyna girizilen gadymy Troýa şäherine, şeýle hem Troýa muzeýine baryp, Çanakkale şäherindäki suwasty dynç alyşyňyza has köp dürlilik goşup bilersiňiz. Şeýle hem, Çanakkaleniň kenaryndaky iki sany özüne çekiji Bozjaada we Gökçeada ýaly adalara baryp bilersiňiz. Hökman, zeýtun ýagy we hakyky çakyrlar bilen taýýarlanan sebitiň tagamlaryny dadyp görüň.

Kaş: dünýäde daýwing üçin iň gowy 10 ýerden biri

Canakkale - Gelibolu 2.jpg

Türk Riwýerasynyň merjeni bolan Antalýa tarap ugryňyzy dowam edip, Türkiýede iň meşhur daýwing ýerlerine duşarsyňyz. Sebitde reňkli suwasty haýwanat dünýäsi bilen tapawutlanýan on bäş sany daýwing ýeri bar. Suwasty gaýalar, gaýalaryň emele gelmegi we gämi heläkçiligi bilen Kaş daýwingçilere endemiki görnüşleri synlamak üçin ajaýyp mümkinçilik hödürleýär.

Kas diňe bir Türkiýede däl, eýsem dünýäde-de daýwing boýunça ilkinji onluga girýär. Kaşyň meşhur daýwing merkezi «Kanýon» sebitidir. Siz täsin suw dünýäsini öwrenip, kanýondaky balyklar bilen bäsleşip ajaýyp tejribä eýe bolarsyňyz. Kanýonyň başga bir aýratynlygy – size çuňlukda duşjak «Dimitriý» gämisi. Kaşyň klassikasy «Uçýan balyk» – bu ikinji jahan urşynda atylan italýan Sawoia-Marhetti partlaýjysynyň galyndylary. Eger bagtyňyz çüwse suwa çümmeniňizde Ortaýer deňziniň týulenlerine we Karetta-Karetta pyşbagalaryny hem görüp bilersiňiz.

Antalýanyň suwlaryna çümenden soň, Karian we Likiýa siwilizasiýasynyň sansyz gadymy şäherlerine baryp, meşhur trek ýollarynda özüňizi synap bilersiňiz. Şäherde geçiren wagtyňyzy baýramçylyga öwürmek üçin bolsa, Ortaýer deňzi aşhanasynyň ajaýyp tagamlaryndan lezzet alyň. Kaşdan başga-da, Kalkan, Kemer we Alanýada daýwing üçin enjamlaşdyrylan gaýyklary bilen ýatdan çykmajak suwasty duýgulary alyp bilersiňiz.

Bodrum: Ege deňiziniň ýüregi bilen tanyşlyk

Canakkale - Gelibolu 3.jpg

Bodrum – Türkiýäniň suwasty baýlyklary bilen tanyşmak isleýänler üçin ýene bir iň möhüm ugurlaryň biridir. Ýarym adanyň kristal ýaly dury suwlarynda balyklar, osminoglar, dürli suwotular, deňiz otlary we deňiz gubkalary ýaly dürli jandarlar ýaşaýarlar. Şeýle hem sebitde gark bolan gämileri we gadymy desgalaryň galyndylaryny görüp bolýan 20 sany daýwing ýeri bar. Bodrumda iň meşhur daýwing ýerleri – Uly we kiçi rifler bolup, ýylyň islendik paslynda ýyly suwda çümüp bilersiňiz. Biri-birinden bary-ýogy 200 metr uzaklykda ýerleşýän we suw durmuşy bilen örtülen bu rifler hakykatdanam täsir galdyryjy.

Bodrumda daýwing üçin beýleki ajaýyp ýerler – Orak adasy we Delikli gowagydyr. Türkiýäniň suwasty tapyndylary sergilenýän Bodrumyň suwasty arheologiýa muzeýine baryp görmek ýatdan çykmajak duýgulary kepillendirýär. Türkiýäniň iň möhüm şypahanalarynyň biri bolan Bodrumda, edilmeli işleriň sanawy hem gaty uzyn. Jennet şäheri Muglada ajaýyp buhtalarda güneşden lezzet alyp, iň oňat restoranlarda türk we dünýä tagamlaryny dadyp bilersiňiz. Bodrumda «gadymy dünýäniň ýedi täsinliginiň biri» hasaplanýan Mawsolyň mazarynyň galyndylary bar.

Fethiýe: hakyky suwasty jennet

Mugla F.jpg

Fethiýe, plýažlary bilen bellenen özboluşly buhtalary we haýran galdyryjy görnüşleri bolan tomus dynç alyşy üçin iň halanýan ýerleriň biri bolup, Türkiýäniň iň gowy daýwing ýerlerinden biri bolan Akwarium buhtasynyň mekany hasaplanýar. Suwuň durulygy sebäpli at alan buhta, tejribeli we öwrenje daýwingçiler üçin çümmäge amatly ýer. Ýakynda buhta goralýan ýer diýlip yglan edildi we şol sebäpli gijeki daýwing üçin hem amatly.

Fethiýedäki ýene bir meşhur daýwing ugry, arkaly, deňiz düýbünde ýumşak merjenler bilen örtülen, çuňluga gidýän syrly tunelli we eňňitli Afkuledir. Deňizde suwa çümmegiň muşdaklary köplenç Afkule barýarlar. Sebäbi bu ýerde köp sanly ýerasty gowaklar, dürli balyk we deňiz ösümlikleri bar. Başdangeçirme gözleýänler, özüne çekiji plýažy bilen meşhur bolan Ölüdeňizi we ajaýyp kebelekleriň 80-den gowrak görnüşiniň ýaşaýan Kebelekler jülgesini hem öwrenip bilerler. Bu ýerlerde Karetta-Karetta pyşbagalaryna hem duşyp bilersiňiz.

ORIENT news

Foto: tetis.ru

Şeýle hem okaň: