Iň täze habarlar

Dünýäde ilkinji ýalkym saçýan eko daşly smartfon tanyşdyryldy

02.08.2023 | 14:26 |
 Dünýäde ilkinji ýalkym saçýan eko daşly smartfon tanyşdyryldy

Gonkongyň mobil enjamlary öndüriji “Tecno” kompaniýasy dünýäde ilkinji ekologik taýdan arassa daşly “Spark 10 Pro Magic Magenta Edition” diýlip atlandyrylýan smartfonuny tanyşdyrdy. Bu smartfon şeýle hem, reňkini üýtgedip, ýalkym saçmaga ukyplydyr.

Bu enjamy döretmek üçin öndüriji kompaniýa “Luminous Eco-Leather Technology” diýlip atlandyrylýan tehnologiýany ulandy. Smartfonyň arkasy birnäçe gat bilen örtülendir. Esasy gatlary gyzyl we ak reňkler bilen örtülen ýalkym saçýan bezeg ekoörtügi bilen örtülendir. Şeýle hem, enjam ultramelewşe şöhleleri özüne çekip, olary fluoressensiýa usulynda yzyna serpikdirýär.

“Tecno” kompaniýasynyň mälim etmegine görä, täze “Spark 10 Pro” smartfonynyň tehniki häsiýetnamasy özünden ozalky nesilden kän bir tapawutlanmaýar. Onuň reňkini üýtgedýän we ýalkym saçýan eko daşy bolsa, smartfony gaýtalanmajak tehnologiýa hökmünde görkezmäge esas döredýär.

ORIENT news

Foto: ixbt.com

Şeýle hem okaň: