Türkiýäniň açyk-mawy suwlary boýunça syýahatdan lezzet alyň
19.07.2023 | 10:49 |Häzir Mawy gezelenje– Egeý we Ortaýer deňizleriniň türk giňişlikleri boýunça düýbünden aýratyn syýahata ugramak üçin ýylyň iň gowy wagtydyr. Ajaýyp kiçi aýlaglardan olaryň peýzažyny synlamak bilen, siz ýahtaňyz duralgada wagty maýyl gijelerden we türk aşhanasyndan lezzet alarsyňyz. Biz siziň ýyldyzly asmanyň astyndaky tolkunlara yrgyldap uka gitjek we aňyrsyna göz ýetmeýän suwlara seredip oýanjak iň gözel ugurlary seçip aldyk...
Egeý deňzine
Mawy syýahatlaryň birinji ugry Egeý deňziniň türk böleginden geçýär. Ol boýunça parahodlar köplenç Bodruma ugraýarlar. Gümýüşlük, Bitez, Ýalykawak, Aspat, Jennet we Ýasos – bular Bodrumyň iň meşhur kiçi aýlaglarydyr, hut şol ýerde Mawy syýahatyň (kruiziň) konsepsiýasy döredi. Aýlaga girilenden soňra XV asyrda gurlan galany we Bodrumyň ýerasty arheologiýasy muzeýine baryp görmek üçin kenara çykyp bolýar. Mundan başga-da, Bodrum egeý, türk we dünýä aşhanasynyň merkezi hasaplanýar
Datça ýarymadasy: Ýerdäki jennet
Egeý deňzinden Ortaýer deňzine syýahaty amala aşyrmak bilen, biz Gekowa, Datça we Marmarisde düşläris. Bodrum we Datça ýarym adalarynyň arasyna uzap gidýän Gekowa aýlagy Mawy kruizi saýlaýan syýahatçylaryň arasynda uly meşhurlyga eýedir. Bu ugruň gözel ýerlerine Orak we Sedir adalaryny, Küfre we Çanak (Iňlis buhtasyny) kiçi aýlaklaryny, Degirmen Bükýu, Ýedi adany, Lajiwert kiçi aýlagyny we Tawşan adasyny degişli etmek bolýar. Datçaniň kenarlary boýunça syýahatçylary dürli ölçeglerdäki köpsanly kiçi aýlaglar: Kurubýuk, Palamutbukýu, Haýytbukýu, Kyzylbýuk, Ballyja Bukýu, Boýnuzjuk we Armonika garşy alýarlar. Bu ýerde gür ösümlikleriň arasynda gezelenç etmek we beýik gadymy şäher Knidosa baryp görüp bolýar. Ahyrsoňunda, Marmarisiň töwereginde siz Adakeý ýarymadasyny, Keçi, Güwerjin we Çennet adalaryny, Serçe we Bozukkale aýlaglaryny, şeýle hem Bozburun ýarym adasyny görersiňiz. Kenara tanap bilen baglanyp, siz taryhy we medeni mirasyň köpsanly obýektlerine, şol sanda Marmaris galasyna we Fiskos we Amos gadymy şaherlerine baryp görüp bilersiňiz.
Gedžek — Mawy syýahatyň ýüregi
Türk riwýerasyna golaýlaşyp, ýelkenleriň aşagynda gezelenç etmek üçin jennedi- Gedžegi görersiňiz. Bu şäherjigiň töwereklerinde çiňrik (gamyş) bilen örtülen Dalýan derýasy we gadymy şäher Kaunos ýerleşýär. Siz Osman Aga, Boýnuz Bükýu, Sarsala kiçi aýlaglaryna we Domuz adalaryna, şeýle hem Mawy kruizleriň aglabasynyň esasy nokady bolan Gedžegiň golaýyndaky Bedri Rahmi kiçi aýlagyna baryp göreniňizden soňra bu ýerleri halarsyňyz. Häzir kiçi aýlagda gark bolan «Kleopatranyň hammamy» ady bilen meşhur bolan harabalar suwuň aşagyna çümmek üçin ajaýyp ýer bolup hyzmat edýär. Sebäbi bu ýerde taryhy desga gyzykly ýerasty ýaşaýjylaryň dürli-dürli görnüşleri bilen gurşalyp alnandyr. Mawy kruizlerdäki ýene-de bir meşhur duralga – Fethiýe, Egeý deňziniň Ortaýer deňzi bilen duşuşýan ýeridir. Dury suwlara çümeniňden soňra kekikiň hoşboý ysyny berýän dag şemaly öwüsýän ýerli kiçi aýlaglaryň birinde gijäni geçirmek bolýar. Fethiýeden ajaýyp kiçi aýlaglary bilen meşhur bolan Ölüdenize ugrap bolýar. Paraplaneristler üçin hakyky jennet bolan Ölüdeňizde Kumburny kiçi aýlagyna, Gämiler adasyna, Şewalýe adasyna, Samanlyk, Kalemýa, Akwarium kiçi aýlaglaryna we elbetde, kebelekleriň 80-den gowrak görnüşiniň ýaşaýan kebelekler Jülgesine baryp görmek bolýar.
Arzuwyň syýahaty: Kaş-Kekowa
Ýatdan çykmajak mawy kruiziň ýene-de bir ugry – bu türk riwýersynyň paýtagty Antalýa we Ortaýer deňziniň dür dänesi Kaş şäheridir. Bu Türkiýäniň iň meşhur şypahanalarynyň biridir, ol ýerde dünýädäki iň owadan plýažlaryň hataryna girýän meşhur plýaž Kaputaž ýerleşýär. Şeýle hem Kalkana mawy kruiz we aýratynam Kekowa adasyna – gadymy harabalar bilen gurşalan ýatdan çykmajak täsinlige kruiz ajaýypdyr. Kaşdan ýüzüp gideniňizden soňra siziň barjak ilkinji kiçi aýlagyňyz – bu ajaýyp Limangazydyr. Soňra bu ajaýyp ugur boýunça Güwerjin adasy, Dodekaness adalary, Ufak Dere, Inonýu, Aperlaý, Ýaglija, Tersane, Akwarium, Üçagyz, Kalekeý kiçi aýlaglary we Karalos kiçi aýlagy gelýär. Bu ugurda sizi Gökgaýa kiçi aýlagynda ýerleşen Korsan gowagy (ýa-da Garakçylaryň gowagy) haýran galdyrar, ol ýere diňe suw arkaly baryp bolýar.
ORIENT habarlar