Has gowy geljegiň hatyrasyna kalplary birleşdirmek - BMG-niň Neşe serişdelerine we jenaýatlara garşy müdiriýetiniň (UNODC) ýaşlar interaktiwi
06.07.2023 | 02:52 |Neşe – adamyň başyna apat getirýän beladyr. Bu sözleri biziň her birimiz azyndan bir gezek eşiden bolsak gerek. Ýöne aslynda onuň howpy nämede, nädip bu beladan gaça durmaly we eger bu başartmadyk bolsa, onuň öňüni almak üçin näme etmeli?
Sişenbe güni, 4-nji iýulda Aşgabatda BMG-niň Neşe serişdelerine we jenaýatlara garşy müdiriýetiniň (UNODC) Türkmenistandaky edarasy, Hindistanyň ilçihanasy we Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti tarapyndan bilim we maglumat kampaniýasy geçirildi. Ýurdumyzyň ýaş raýatlarynyň erbet täsirlere düşmegiňiň öňüni almak we sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek çäräniň esasy maksady boldy.
— Bu çäräni gurnamak bilen, biz ýaşlara neşekeşligiň töwekgelçiligi barada düşünje bermegi, olaryň bu zyýanly endigiň düzedip bolmajak netijelerinden habarlylygyny ýokarlandyrmagy we bu ugurda ýaşlaryň gözýetimini giňeltmegi, şeýle-de zyýanly endiklerden daş durup, özüňi kadaly alyp barmany höweslendirýän goldaw jemgyýetini döretmegi maksat edinýäris.
Biziň bu günki maglumat beriş duşuşygymyz Türkmenistanyň ýaşlaryna oňyn täsir eder, ýetirjek bolýan wagyz-nesihatlarymyz olaryň aňyna siňer we geljekde oňyn netijeleri berer, diýip umyt edýäris. Duşuşygyň netijeleri köp babatda ýaşlaryň öz durmuş ýörelgelerini dürs saýlamagyna we neşe duzagyna düşmezligine ýardam eder. Bilimliligi, habarlylygy we öňüni alyş çärelerini ýaýbaňlandyrmak arkaly, biz ýaş nesliň höwesjeň wekilllerini diňe bir özlerine däl, eýsem maşgalalaryna, jemgyýetlerine ýardam bermäge, galyberse-de BMG-niň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge öz goşantlaryny goşmaga höweslendirip bileris – diýip, çäräniň guramaçy-moderatory, BMG-niň DÖM-iň ýaş ilçileriniň utgaşdyryjysy Şükürgeldi Myradow gürrüň berýär.
Däp bolşy ýaly, çäre giriş sözi bilen başlandy. Ilkinji bolup, ýaşlara Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko ýüzlendi:
— Ýagdaýyň, hal-ahwalatyň nähilidigine seretmezden, özüňi aldyrmazlyk juda möhümdir. Neşe serişdeleri köpsanly negatiw netijelere eýe bolup, diňe aýratyn bir adamyň saglygyna däl, eýsem tutuş jemgyýete-de täsir edýär. Şeýle-de bolsa, esasy zat - ýagdaýy boýun almak we indiki edilmeli hereketler barada dürs karara gelmek. Elton Jon, Erik Klepton ýaly köp tanymal şahsyýetler öz döwründe neşä özüni aldyran adamlardyr. Muňa seretmezden, olar öz ýalňyşlyklaryny aç-açan boýun aldylar, täsirine düşen ýaramaz endiklerinden ýüz öwürmegiň hötdesinden geldiler we bagtly durmuşyň hözirini görüp, döredijilik bilen meşgullanmaklaryny dowam etdirdiler. Siziň hemmäňiz «Demir adam” filminde surata düşen aktýory tanaýan bolsaňyz gerek (Robert Dauni). Ol hem bir wagtlar bu bet pişä endik edipdi, ýöne ony ýeňip geçmegi-de başardy we şeýlelik bilen, öz döredijilik işine üstünligiň ýaran bolmagyny üpjün etdi. Şeýle ýagdaýda esasy zat, düşünjeli seljermäge çalyşmak gerek we meseläniň çynlakaýdygyny kabul etmek wajyp.
Soňra UNODC-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň başlygy Çary Ataýew, Hindistanyň ilçihanasynyň wekili Kanişka Singh, Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport boýunça döwlet komitetiniň başlygynyň orunbasary Rahat Samatow we Içeri işler ministrliginiň wekili Batyr Berkiliýew dagylar çykyş etdiler. Olaryň ýygnananlara ýetirmek islän umumy pikiri - ýaşlar häzirki zaman dünýämizdäki howplardan we töwekgelçiliklerden, şeýle hem bu belanyň öňüni almagyň ýollaryndan habarly bolmalydyrlar.
— Şeýle çäre diňe bir gezek geçirilse-de, bu sizi köp töwekgelçiliklerden gorar we siz hem öz gezegiňizde bu pikirleri dowam etdirip, has gowy geljegi gurarsyňyz. Soňky ýyllarda neşekeşligiň ýaýramagynyň bady sabady. Häzirki döwrüň ýaşlary - sosial ulgamlar we sanly tehnologiýalar döwrüniň nesli. Olaryň ähli töwekgelçiliklere düşünmek we bilimlerini paýlaşmak üçin ýeterlik maglumat çeşmeleri bar. Durmuşda dürli ýagdaýlar ýüze çykyp biler, ýöne meniň pikirimçe, neşe – kynçylyklary ýeňip geçmegiň ýoly däl. Trkmenistanyň ýaşlary barada aýratyn durup geçmek bilen, men olaryň ajaýyp we ýagty geljeginiň bardygyna ynanýaryn. Olar optimist we öwrenmäge, kämilleşmäge höwesjeň. Men şu günki duşuşyga köpsanly ýaşlaryň höwes bilen gatnaşýandyklaryny gördüm. Bu ýagdaý, hakykatdan-da meniň kalbymy çoýýar – diýip, Kanişka Singh ORIENT-iň habarçysy bilen geçirilen söhbetdeşlikde aýtdy.
Ýerli we halkara guramalaryň wekilleriniň öwüt-ündewlerinden soň myhmanlar üçin yoga boýunça ussatlyk sapagy guraldy. Sessiýa paýtagtyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň düzüminde işleýän ýoga merkeziniň tälimçisi tarapyndan geçirildi. Arkaňy ýazma, ünsi jemleme, dem alyş maşklary, garaz çärä gatnaşyjylara gysga wagtyň içinde ruhy we beden sagatlygynyň tilsimlerinden aňrybaş lezzet almak miýesser etdi.
Çäräniň soňy tutuşygyna interaktiwe, ýagny söhbete we pikir alyşma ýazdy, sorag-jogap bäsleşikleri, şygar aýdyşygy we surat çekmek – umuman içgysgynç bolmady. Ýaş höwesjeňler bäş topara bölünip, olaryň hersine bir meýletinçi ýolbaşçylyk etdi. Bäsleşigiň birinji tapgyry - atlandyrma. Soňra toparlar sagdyn adamyň suratyny çekmeli boldular, BMG-niň durnukly ösüş maksatlaryny alamatlandyrýan şekili ýygnadylar, şygar düzüp, öňa laýyk hereketleri tasladylar we iň soňunda toparlaýyn ýerine ýetirilen işi ýygnananlaryň dykgatyna hödürlediler. Sorag-jogap bäsleşigi aýratyn bir ýumuş boldy. Elbetde, bularyň hemmesi ýaryşmagyň bir görnüşi hökmünde geçirilensoň, tapawutlananlara baýraklar hem gowşuryldy. UNODC hünärmenlerinden düzülen eminler topary ýeňijileri iň gowy surat, iň gowy taslama we sorag-jogap bäsleşiginde berlen iň gowy jogap ýaly üç nominasiýa boýunça kesgitledi.
Çäräniň ahyrynda BMG-niň Neşe serişdelerine we jenaýatlara garşy müdiriýetiniň wekilleri ýaşlar bilen bilen bilelikde asmana howa şarlaryny uçurdylar. Munuň özüne ýetesi nyşany bardy:
— Adamlar – hemme zatdan ileri. Şu günki çäräniň dowamynda biz bir-birek bilen bilimlerimiz, tejribämiz bilen paýlaşdyk, köp täze zatlary öwrendik. Biziň hemmämiz bir pikire uýýarys – saglygyň goragynda durmaly. Goý, bu ýörelge, şu howa şarlary deýin, bütin dünýä ýaýrasyn!
Ozal bir-biri bilen nätanyş adamlary we kalplary birleşdiren bu şarlar diňe bu ýörelgäni däl, eýsem köpüň ýürek töründen çykýan arzuwyny şygar edinip, al-asmana göterildi: - «Goý, mydama bagtly geljek, sagdyn adamlar, asuda durmuş bolsun!"
Saparguly MAHTUMOW