Pleneriň ussady: Aşgabatda meşhur Amerikan suratkeşiň işleriniň sergisi geçiriler
17.06.2023 | 02:50 |Sişenbe güni, 20-nji iýunda akademiýanyň galereýasynda Amerikaly suratkeş Eými Eriksonyň we Türkmenistanyň Döwlet döredijilik akademiýasynyň talyplarynyň işleriniň sergisi açylar.
Eými Erikson ABŞ bilen Türkmenistanyň arasyndaky däp bolan medeni alyş-çalyş maksatnamasynyň çäginde Aşgabat şäherine geldi. Ol TDDA-nyň talyplary üçin ussatlyk sapaklaryny geçirýär, döredijilik meselelerini nädip goýmalydygyny we endikleri nädip gazanmalydyny gürrüň berýär, surat çekmegiň dürli ugurlaryny öwrenýär.
Maglumat taýdan baý sapaklar gönüden-göni geçirilýär, sebäbi Eými diňe «howadaky», keýpi duýmagy we geçirmegi bilýän ajaýyp liriki suratkeş däl-de, eýsem amaly maslahatlar we «syralr» bilen birlikde her ugurda hakyky hünärmenligi ölçände bahasyna ýetip bolmajak ruhy tejribe paýlaşýan mugallymdyr.
Onuň tebigatdan we ýönekeý adam durmuşyndan ylham alan ussat wizual mähirli realizmi, özünde gowy duýgy tolkunlaryny we asuda pikirlenmeleri, gözelligi we sahylygy üçin bütin dünýä minnetdarlyk duýgusyny döredýär.
Plener dünýäsiniň häzirki zaman suratkeşlerinden biriniň suratlarynyň sergisini gaçyrmaň.
Sergi sagat 15:00-da açylar.
ORIENT news