Iň täze habarlar

«Türkmenhowaýollary» agentligi elektron resminama dolanyşygyna geçer

16.06.2023 | 12:20 |
 «Türkmenhowaýollary» agentligi elektron resminama dolanyşygyna geçer

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenhowaýollary» agentligi elektron resminama dolanyşygyny ornaşdyrar we onuň işledilmegi we goldanylmagy üçin degişli enjamlary satyn alar. Bu baradaky tender şu gün resmi türkmen metbugatynda çap edildi.

Türkmenistanyň milli uçar gatnawlaryny amala aşyrýan agentligi doly tender tekliplerini we ýüz tutmalaryny edaranyň şu salgyda ýerleşýän binasynda kabul eder: Aşgabat şäheri, A.Nyýazow şaýoly, 326.

Bäsleşige gatnaşmak üçin $50 möçberindäki ýygymy tölemeli we agentlikden tehniki ýumuşy almaly. Offşor zolaklarda hasaba alnan kompaniýalardan tender teklipleri bäsdeşlige gatnaşmaga goýberilmeýär.

Elektron resminama dolanyşygyna geçmek Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmek Konsepsiýasyny ýerine ýetirmegiň çäklerinde amala aşyrylýar, oňa laýyklykda ýurduň ähli edaralary we guramalary «sanly ulgama» geçmeli.

ORIENT habarlar

Foto: stv24.tv

Şeýle hem okaň: