Iň täze habarlar

ÝTÖB-nyň eksport mekdebi işewürligiň daşary ýurda ibermelere taýýarlygyny bahalandyrmak boýunça seminar bilen açyldy

09.06.2023 | 17:14 |
 ÝTÖB-nyň eksport mekdebi işewürligiň daşary ýurda ibermelere taýýarlygyny bahalandyrmak boýunça seminar bilen açyldy

Aşgabatda Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň eksporta gönükdirilen kärhanalar üçin niýetlenen Mekdebiniň çäklerinde okuw başlandy. Okuw çäreleri Ýewropa birleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýär.

Eksport mekdebiniň maksatnamasy täze başlaýan eksport edijileri eksport işiniň esaslary bilen tanyşdyrar, daşary söwdada ilkinji ädimleri ätmäge kömek eder we daşary ýurt bazarlaryna ynamly çykmaga taýýarlanmaga kömek eder.

Ilkinji sessiýa kompaniýanyň eksporta taýýarlygyny bahalandyrmaga bagyşlandy. Ol şeýle soraglara jogaplary gözlemegi öz içine alýar: «Size eksport näme üçin gerek?», «Beýleki ýurtlarda siziň önümleriňize isleg barmy?», «Eksport etmek bilen siz näme edinmek isleýärsiňiz?» we beýlekiler.

Indiki seminar 15-nji iýuna meýilleşdirilýär, ýedi okuwyň soňkysy bolsa 27-nji iýulda geçiriler.

Eksportyň mekdebi — «Kiçi telekeçilik üçin maslahat» Türkmenistandaky Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň MCT Agency bilen bilelikdäki maksatnamasynyň çäklerinde ýerine ýetirilýän taslamadyr. Seminarlary we maslahatlary işewürligiň dürli meselelerindäki öňdebaryjy maslahatçylar ýerine ýetirýärler. ÝB tarapyndan maliýeleşdirilýändigi sebäpli Eksport mekdebine gatnaşmak tölegsizdir.

ORIENT habarlar

Foto: ORIENT-iň redaksiýasy

Şeýle hem okaň: