Iň täze habarlar

Türkmenistanda ýaşlar kärhanalary üçin girdeji salgydyny azaltdylar

09.06.2023 | 14:04 |
 Türkmenistanda ýaşlar kärhanalary üçin girdeji salgydyny azaltdylar

Indi Türkmenistanda ýaşlar kärhanalary üçin girdeji salgydy birinji salgyt ýylynda 50% we ikinji we üçünji salgyt ýyllarynda 25% kemeldildi. Bu 9-njy iýunda resmi türkmen metbugatynda çap edilen Türkmenistanyň Salgyt Kodeksine girizilen üýtgetmelerden gelip çykýar.

Ýaşlar kärhanalary diýlip işgärleriň 75%-den az bolmadygy 35 ýaşa ýetmedik adamlar bolan kärhanalar hasaplanýar. Ozal düzedişleriň we üýtgetmeleriň kabul edilmegi üçin ýurduň Mejlisiniň deputatlary ses beripdiler.

Ýaşlar telekeçiliginiň mümkinçiliklerini amatlaşdyrmak we ýüze çykarmak ugry geçen ýylyň sentýabrynda hökümet agzalarynyň we Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagyndaky Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynyň barşynda bellenipdi. Bu çäreleriň ykdysadyýetiň hususy pudagynyň ösmegini höweslendirmegine garaşylýar.

ORIENT habarlar

Foto: ORIENT-iň redaksiýasy

Şeýle hem okaň: