Aşgabatda Merkezi Aziýanyň tennis boýunça çempionatynyň (U-12) üçünji tapgyry tamamlandy
07.06.2023 | 20:59 |Olimpiýa şäherçesiniň tennis toplumynda Merkezi Aziýa tennis çempionatynyň (U-12) üçünji tapgyrynyň oýunlary tamamlandy.
Üçünji oýun güni, türkmen türgenleri tutanýerli söweşde Gazagystanyň toparyndan 3:0 bilen utuldy.
Gazagystanly çagalar halkara ýaryşlarynda ep-esli tejribe toplap, paýtagt toplumynyň kortyna çyksalar-da türkmen deň-duşlary olara mynasyp garşylyk görkezdiler.
― Türkmenistanda häzirki zaman sport infrastrukturasy bar, bu ýaryşa Gazagystanyň gatnaşmagy uly hormat. Biziň üçin çempionat, tejribe alyşmak we öz güýçlerimizi barlamak üçin bir platformadyr, - diýip Gazagystanyň toparynyň wekili Darkhan Sawdenow ORIENT-iň habarçysyna aýtdy.
Oglanlaryň arasyndaky söweşde Ali Geldiýew 6:1 6:1 hasabynda Arnur Tursunhandan, Süleýman Hudaýberdiýew bolsa Ahmadi Makhanowdan 6:0 6:0 hasabynda ýeňildi. Jübüt ýaryşda Gazagystanyň dueti Nurdawlet Balkan 6:0 6:0 hasabynda Nazargeldi Amangeldiýewiň we Ali Geldiýewiň tandeminden üstün çykdy.
Gyzlar kategoriýasynda Gazagystanly Amina Nurmakhan Anna Ponýatowany 6:0 6:0 hasabynda ýeňdi, Ýasmin Dussembaýewa bolsa Aýlar Kakabaýewadan - 6:1 6:2 hasabynda güýçli boldy. Tandem jübütinde Näzli Hudaýgulyýewa we Anna Ponyatowa 6:0 6:1 hasabynda Nuraý Baýseitowa we Amina Nurmakhandan utuldy.
Ýaryşyň beýleki oýunlarynda Täjigistan Gyrgyzystany jemi 3:0 hasabynda ýeňdi we Özbegistan hem şuňa meňzeş artykmaçlyk bilen Owganystany ýeňdi.
Üç tapgyryň netijelerine görä, ýaşlaryň arasyndaky ýaryş jetwelinde Gazagystan öňde boldy. Özbegistanyň topary ikinji orny eýeledi. Ilkinji üçlügi Türkmenistan ýapýar. Gyzlaryň arasynda hem eýelenen orunlar jetwelde meňzeş.
Dördünji tapgyryň oýun maksatnamasynyň çäginde Türkmenistan Özbegistan bilen, Gazagystan Gyrgyzystan bilen, Täjigistan Owganystan bilen oýnar.
Artur PETROSÝANS