Mişustin: GDA ýurtlarynyň we Ýewraziýa ykdysady birleşmesiniň hyzmatdaşlygy innowasiýalaryň esasynda gurulmalydyr
08.06.2023 | 12:09 |GDA we Ýewraziýa ykdysady birleşmesi ýurtlarynyň hyzmatdaşlygy innowasiýalaryň esasynda gurulmalydyr. Bu barada Russiýanyň premýer-ministri Mihail Mişustin Soçide GDA-nyň we Ýewraziýa ykdysady birleşmesiniň II Ýaşlar forumynyň açylyşynda aýtdy – diýip, TASS habar berýär.
«Biz ýaşlarymyzyň dostlaşýandygyna, bile işleýändigine örän begenýäris. Biz hyzmatdaşlygymyzy ýaşlar üçin rahat, amatly bolar ýaly edip gurmagymyz gerek. Şonuň üçin hem biz sizden özara aragatnaşyga garaşýarys» – diýip, Mişustin belledi.
Onuň sözlerine görä, Ýewraziýa ykdysady birleşmesiniň çägindäki 55 mln adam - ýaşlardyr, bu jähtde, Russiýanyň hökümetiniň başlygy Ýewraziýa uniwersitetiniň döredilmegini belledi, oňa 15 ýokary okuw mekdebi birleşdirilipdir. 1-nji sentýabrdan başlap bu uniwersitet magistrlik maksatnamasyna kabul edişlige başlaýar.
GDA-nyň we Ýewraziýa ykdysady birleşmesiniň II Ýaşlar forumy 7-nji iýunda Soçide açyldy.
ORIENT habarlar