Iň täze habarlar

Aşgabatda ÝHHG-nyň Merkeziniň täze binasyny açdylar

01.06.2023 | 17:02 |
 Aşgabatda ÝHHG-nyň Merkeziniň täze binasyny açdylar

Aşgabatdaky ÝHHG-nyň Merkezi paýtagtymyzyň «Köpetdag» otelinde täze edarasyny açdy. Dabara 1-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Wepa Hajyýewiň, Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk boýunça guramanyň baş sekretary Helga Şmidtiň we ÝHHG-nyň Türkmenistandaky Merkeziniň baştutany Jon MakGregoryň gatnaşmagynda geçirildi.

В Ашхабаде открыли новое здание Центра ОБСЕ

Aşgabatdaky ÝHHG-nyň Merkezi Türkmenistanyň hökümeti we beýleki gyzyklanýan taraplar bilen howpsuzlyk, ykdysadyýet, ekologiýa, adam hukuklary we demokratiýa bilen baglanyşykly birnäçe ugurlar boýunça hyzmatdaşlyk edýär.

Öz işleriniň çäklerinde Aşgabatdaky ÝHHG-nyň Merkezi döwlet edaralarynyň wekilleri, jemgyýetçilik guramalary we Türkmenistanyň KHBS üçin maslahatlary, seminarlary, okuwlary we kurslary guraýar.

В Ашхабаде открыли новое здание Центра ОБСЕ

Meselem, 2022-nji ýylyň oktýabrynda gurama Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynda kiber-howpsuzlyk boýunça öňdebaryjy tejribäniň Merkezini döretmekde kömek etdi. Bu taslamanyň maksady kiberhowplaryň öňüni almakdaky we oňa garşy göreşmekdäki ýurduň hökümetiniň tagallalaryna goldaw bermekdir.

ORIENT habarlar

Foto: ORIENT-iň redaksiýasy

Şeýle hem okaň: