Gurbanguly Berdimuhamedow Eýranyň ruhy lideri Aýatolla Hamenei bilen duşuşdy
01.06.2023 | 12:28 |Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Eýranyň ruhy lideri Aýatolla Hamenei bilen duşuşyk geçirdi, onuň barşynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ýygjamlaşdyrmak üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny nygtadylar.
Hususan-da, gürrüň iki döwletiň bilim, ylym, medeniýet, saglygy goraýyş we ekologiýa babatynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek hakynda boldy. Bu barada Halk Maslahatynyň baştutanynyň Eýrana bolan saparynyň barşynda belli boldy – diýip, TDH habar berýär.
Gurbanguly Berdimuhamedow Aýatolla Hameneýä goňşuçylykly türkmen-eýran gatnaşyklaryny pugtalandyrmakdaky şahsy goşandy üçin minnetdarlyk bildirdi we özi üçin amatly wagtda ony Türkmenistana gelip görmäge çagyrdy.
Özüniň Eýranda bolmagynyň çäklerinde Halk Maslahatynyň Başlygy Mapna Group senagat toplumyna baryp gördi, ol ýerde önümçilik kuwwatlyklary we tehnologiki çözgütler bilen tanyşdy. Görkeziliş energetika, gurluşyk we agyr senagatyň beýleki pudaklaryna degişli boldy.
Gurbanguly Berdimuhamedow toplumyň ýolbaşçylarynyň goňşy ýurt bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek baradaky islegleriniň bardygyna jogap hökmünde Türkmenistanyň Eýran bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygyny belledi.
ORIENT habarlar