Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyby «Ýylyň talyby» boldy
30.05.2023 | 12:31 |Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň 5-nji ýyl talyby Gülnabat Saparowa her ýylky geçirilýän umumymilli bäsleşigiň çäklerinde «Ýylyň talyby» adyna mynasyp boldy – diýip, «Neýtralnyý Turkmenistan» gazeti habar berýär.
Eminler bäsleşigiň esasy tapgyrlarynyň biriniň çägindäki Saparowanyň çykyşyna mynasyp baha berdi. Ol taryh, medeniýet, edebiýat we sungat babatynda bilimleriň barlanmagyna bagyşlanypdy. Ykdysadyýet boýunça ýokary okuw mekdebiniň talyby şeýle hem iňlis dilinden synagy hem üstünlikli geçdi.
Çäre D.Azady adyndaky türkmen milli dünýä dilleri institutynda geçirildi. Eminleriň düzümine ýurdumyzyň görnükli alymlary we mugallymlary girdiler.
Geçen ýyl hem Saparowa bäsleşige gatnaşyp, üçünji ýeri eýeläpdi. Bu ýyl bolsa onuň üçin öndürijilikli boldy: ol ýokary okuw mekdepleriniň arasynda geçirilýän ders olimpiadasynyň ýeňijisi boldy, dürli neşirlerdäki ylmy makalalaryň awtory boldy, maslahatlara gatnaşdy. Bu we beýleki kriteriýalar hormatly ady almaga mümkinçilik berdi.
ORIENT habarlar