Iň täze habarlar

Türkmenistanyň syýahatçylyk agentlikleriniň wekilleri Türkiýä saparlarynda Antalýa baryp gördüler

14.06.2025 | 14:25 |
 Türkmenistanyň syýahatçylyk agentlikleriniň wekilleri Türkiýä saparlarynda Antalýa baryp gördüler

Türkiýäniñ Syýahatçylygy mahabatlandyryş we özgerdiş Agentligi hem-de «Turkish Airlines» Awiakompaniýasy tarapyndan maý aýynda her ýyl millionlarça syýahatçynyň dynç alýan Türkiýäniň «Syýahatçylyk paýtagty» diýlip atlandyrylýan Antalýa şäherine tanyşlyk sapary guraldy. Bu sapara Türkmenistanyň 10 sany syýahatçylyk agentlikleriniň wekilleri gatnaşdy.

Турагентства.jpg

Deňiz, çäge we gün şygary bilen geçirilen maksatnama gatnaşyjylar ýokary ülňülere gabat gelýän şeŷle hem syŷahatçylyk pudagynda öňdebaryjy bolan 8 sany kaşaň myhmanhanalara baryp gördüler. Saparyň dowamynda syýahatçylyk agentlikleriniň wekilleri Antalýanyň täsin tagamlary we köp sanly syýahatçylyk ŷerleri, tebigaty, taryhy we medeni mirasy bilen tanyşmaga mümkinçilik aldylar.

Турагентства.jpg

Şeýle hem maglumat alyşmak we hyzmatdaşlygy ýola goýmak maksadyndan ugur alyp, Türkiýäniň syýahatçylyk pudagynyň wekilleri bilen işewür duşuşyklar geçirildi we Türkmen hünärmenlere ŷurduň syýahatçylyk pudagy barada maglumat berildi. Турагентства.jpg

ORIENT

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: