Iň täze habarlar

vivo X Fold 5: Apple Watch we iPhone-yñ integrasiýasy bilen ilkinji Android-smartfon

13.06.2025 | 17:05 |
 vivo X Fold 5: Apple Watch we iPhone-yñ integrasiýasy bilen ilkinji Android-smartfon

Hytaý kompaniýasy vivo, dünýäde ilkinji Apple Watch bilen utgaşykly işleýän Android-smartfon – eplenilýän flagman vivo X Fold 5-iň döredilendigini habar berdi. Enjamyň tanyşdyrylyş dabarasy 2025-nji ýylyň iýul aýynda geçiriler diýlip garaşylýar.

vivo kompaniýasynyň berýän maglumatyna görä, Apple Watch bu enjam bilen bildirişleri we gelen jaňlary görkezmäge, şeýle-de saglyk maglumatlaryny vivo Health goşundysy bilen sinhronlamaga ukyply bolar. Bu baglanyşygyň nähili amala aşyryljagy entek anyk däl, sebäbi Apple öz sagatlarynyñ Android enjamlaryna resmi taýdan birikdirilmegini üpjün etmeýär. Mümkin, Apple Watch-y işletmek üçin iPhone gerek bolar we ol maglumatlaryň geçirilmeginde araçynyň wezipesini ýerine ýetirer.

1

Apple Watch bilen utgaşyklykdan başga-da, vivo X Fold 5 iPhone bilen bildirişleri, jaňlary we SMS habarlary birmeňzeş utgaşdyrmaga mümkinçilik berýär, hatda diňe bir SIM-kart ulanylanda hem bu mümkin bolar. Bu bolsa iPhone ulanyjylaryna vivo X Fold 5 arkaly jaňlara jogap bermäge we hat-habarlary görmäge mümkinçilik berip, iki enjamyñ ulanylmagyny has añsatlaşdyrýar.

2

Mundan başga-da, vivo X Fold 5 MacBook üçin ikinji ekran hökmünde ulanylyp bilner we iCloud programmasy bilen üpjün ediler. Bu programma arkaly suratlar, wideolar, kontaktlar we açar sözler iPhone bilen sinhronlaşdyrylyp bilner.

ORIENT

Foto: vivo X Fold 5 / Apple Watch Series 9

Şeýle hem okaň: