«Akylly öý» gurmak: ähli amatlyklary bolandurmuş ulgamyny emele getirmek üçin maslahatlar
01.11.2022 | 11:50 |«Akylly öý» ulgamynyň nämedigini we nähili işleýändigini heniz hem köplerň bilmeýändigine garamazdan, ol barha ýokary meşhurlyga eýe bolýar. Bu makalada bu ulgamyň aýratynlyklary, ony nädip dolandyrmalydygy, onuň haýsy tehnologiýalara eýedigiwe onuň aslynda näme üçin zerurdygyny seljereris.
«Akylly öý» (iňlis dilindäki «Smart home» sözündenterjime edilýär) – bu öý ulgamlaryny awtomatlaşdyrmakdyr, şonuň netijesinde gündelik işler indi hiç kimi gaharlandyrmaýar we ýadatmaýar. «Akylly öýüň» enjamlary, adamlaryň hiçh hili gatyşmazlygynda öýdäki gündelik işleri ýerine ýetirmäge ukyplydyr.
Bu öýüň artykmaçlygy bolsa, ulanyjynyň öz isleglerine baglylykda özbaşdak düzüp bolýan çeýe ulgamy bolmagydyr. Haýsy enjamlary nirede we haýsy wezipeleri ýerine ýetirjekdigini eýesiniň özi kesgitleýär.
Akylly öýde nämeler bolup biler?
«Akylly öý» ulgamyna sanly wideo gözegçilik ulgamy, ýangyn we howpsuzlyk duýduryşlary we giriş gözegçiligi, yşyklandyryş gözegçiligi we howanyň gözegçiligi, suw üpjünçiligi, gaz we elektrik üpjünçiligi, öý kinoteatry, multirum (çäýnekleri, robot tozan sorujylaryny, aşhana enjamlaryny, yşyklandyryşy, proýektorlary, telewizory we beýleki multimediýa enjamlaryny dolandyrmak) degişlidir.
Gündelik durmuşda bu nähili şekilde?
Gündelik durmuşymyzda awtomatiki usulda ýerine ýetirip boljak meseleleriň sany diýseň çäksizdir. Hakykatdanam, käbir ulgamlara 300-e çenli enjam birikdirilip bilner. Mysal üçin, yşyk awtomatiki ýagdaýda ýanýar/öçýär, çäýnek gaýnadylýar, belli bir programma başlanda telewizor açylýar. Şeýle hem smartfon ulanyp, enjamlary (telewizory, ütügi, gijeki yşyklary) akylly rozetkalardan öçürip bilersiňiz, enjamlaryň näsazlyklaryny bilmek üçin ýörite görkezijileri ulanyp bilersiňiz (mysal üçin, kir ýuwunyň suwy syzydyryp syzdyrmaýandygyny kesgitläp bilýär), çagalara-da seredip bilýär we ş.m.
«Akylly öý» durmuşymyzy diňe bir aňsatlaşdyrmak bilen çäklenmän, eýsem ol adamlaryň kellesine dynçlyk berýär, şeýle-de pulumyzy tygşytlamaga ýardam edýär. Şeýle seredinimizde bu ulgam uly maýa goýumlaryny talap edýär, meselem, olara akylly rozetkalary, görkezijileri, kameralary satyn almaly bolýar. Muňa garamazdan, munuň peýdaly taraplaryny aýdyň görüp bolýar. Mysal üçin, akylly rozetka enjamyň özüne näçe energiýa sarp edýändigini kesgitläp bilýär, şonuň üçin iň köp energiýany sarp edýän enjamlary anyklamak arkaly elektrik energiýasyny tygşytlap bilersiňiz. Şeýle hem hammamdaky suw görkezijisi arkaly goňşularyňöýüniň suw joşmagynyň öňüni almak ýaly kynçylyklary aradan aýyrmaga we puluňyzytygşytlamaga mümkinçilik döredýar. Umuman aýdanymyzda, bu «Akylly öý» ulgamy – özüniň örän ähmiýetlidigini görkezýän taslamadyr.
Jaýy nädip awtomatlaşdyrmaly we onuň zerurlygy barmy?
Öýüňizde akylly ulgamy döretmek pikir edişiňizden has aňsatdyr. Ulgamlaryň köpüsi şeýle bir ýönekeý welin, tehniki hünärmenleriň kömegi bolmazdan olary özüňiz alyp bilersiňiz. Öýüňizi has-da «gowulandyrmak» isleýän bolsaňyz, ýöne näme satyn almalydygyny we nireden başlamalydygyňyzy bilmeýän bolsaňyz:
- Dolandyryş merkezi
Eger-de çynlakaý çemeleşmek isleseňiz onda ilkinji satyn almaly zadyňyz dolandyryş merkezi bolsa gerek. Dolandyryş merkezi satyn alnan ähli akylly enjamlar bilen aragatnaşyk saklamaga mümkinçilik berer. Onuň kömegi bilen enjamlar üçin iş tertibini döredip bilersiňiz. Mysal üçin, öýden daşary çykyň we degişli tertibiň başlamagyna ýol beriň. Otaglarda yşyklar öçýär, perdeler ýapylýar, enjamlar rozetkalardan öçürilýär.
- Ykjam programma
Dolandyryş merkezi mugt ykjam programma arkalyişleýär, şonuň üçin hem smartfonyňyzdan dolandyrmak aňsat. Buýruklar hatda ses bilen hem berlip bilner.
- Görkezijiler
Öýüňizi nätanyş adamlardan, suw joşmalaryndan, ýangynlardan we gaz syzmalaryndan gorap bilersiňiz. Temperaturany we çyglylygy görkeziji öýüň temperaturasynyň gaty yssydygyna gözegçilik eder we muny kondisionerlere habar iberjek dolandyryş merkezine habar berer. Eger-de öýüňizde çagalaryňyzyň açyp görmegini islemeýän şkaflaryňyz ýa-da çekmeleriňiz bar bolsa, onda açyş sensory ene-atalar üçin örän peýdaly bolar. Öýüň gapsysynagörkeziji birikdirilse, çaganyň mekdepden wagtynda gelýändigine ýa-da gelmeýändigine gözegçilik edip bilersiňiz.
- Gözegçilik kameralary
Çaga näme edýär, öý haýwany näme edýär, garry ene-atalar üçin hemme zat elýeterlimi – akylly wideo kameralar bu soraglaryň ählisine jogap berip bilýär. Açyk wideo kamera awtoulag eýeleri üçin peýdalydyr. Onuň kömegi bilen jaýyň golaýynda awtoulag duralgasynyň bardygyny ýa-da ýokdugyny aňsatlyk bilen bilip bolýar.
- Akylly rozetkalar
Hemmeler üçin ajaýyp açyşdyr. Rozetkalar birnäçe buýruklary ýerine ýetirýärler, ýagny olar bilen işleýän enjamy energiýa bilen üpjün edýärler. Dimmer rozetkalar yşyklandyryşyň ýagtylygyny sazlamaga mümkinçilik berýär. Energiýa sarp edilişini ölçeýän rozetka haýsy enjamyň iň köp elektrik sarp edýändigini görkezer.
- Akylly tehnologiýa
Kondisionerler, robot tozan sorujylar, çäýnekler, sowadyjylar, kir ýuwujylar we ş.m. — ählisi akylly tehnologiýalar ulgamyna degişlidir. Smartfon arkalyenjamlary dolandyryp, gündelik iş tertibine goşup bilersiňiz.
Islendik ulgamyň ýekeje kemçiligi, ähli akylly öý enjamlary bilen işleýän standartyň ýoklugydyr. Dürli öndürijileriň (mysal üçin, Samsung we Phillips) enjamlaryny bir üçegiň aşagynda birleşdirmek mümkin däl. Bu meseläni çözmek üçin tehniki hünärmenlertarapyndan çylşyrymly işleriň geçirilmegi talap edilýär.
Muňa garamazdan, munuň hökman geljegiň ulgamydygyny, ýöne häzirki wagtda elýeterli bolandygyny aýdyp bileris. Hemmesini birbada satyn almak hökman däl, kiçi zatlardan başlap bilersiňiz, meselem: iki sany gözegçilik rozetkasy we çyra, akylly çäýnek, birnäçe görkezijileri gurup bilersiňiz.Enjamlaryň peýdalary aýdyň bolansoň, doly konfigurasiýa geçip bilersiňiz. Galyberse-de, has uly öndürijiler jaýyňyzy has amatly we howpsuzlygyny üpjün etmek üçin akylly ulgama degişli bolanenjamlary, önümleri, tehnikalary hödürleýärler.
ORIENT
Surat: Canva