Gowy netijelere garaşýarys: Türkmenistan Müsürde karate ýaryşyna gatnaşar
26.01.2023 | 22:13 |Türkmen türgeni 26-31-nji ýanwarda Kairde (Müsür) geçiriljek abraýly Karate 1 premýer-ligasynyň möwsüminiň açylyş tapgyryna gatnaşar.
Türkmenistanyň Karate federasiýasynda ORIENT-e gürrüň berilişi ýaly, bu ýaryşlarda Baýram Ýalkapowyň ýolbaşçylygynda birinjilige dalaş etjek Dawut Nazmyradow ýurduň ýeke-täk wekili bolar.
― Bu liga dünýä reýtinginde öňdebaryjy orunlary eýeleýän karateçiler gatnaşýar. Dawut Nazmyradow şolaryň biri boldy. Ondan gowy netijelere, iň esasysy – ýeňşe garaşýarys, - diýip, Türkmenistanyň Karate federasiýasynyň wekili biz bilen öz pikirini paýlaşdy.
Dawut Nazmyradow Türkiýede, Horwatiýada, Azerbaýjanda, Çilide, Italiýada geçirilen abraýly halkara ýaryşlaryna gatnaşyp, dürli derejedäki kuboklara we medallara mynasyp boldy. Ol Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynyň 2-nji ýyl talyby.
Ýaryş Halkara karate federasiýasynyň howandarlygynda geçirilýän karate ýaryşlarynyň birnäçe tapgyrynyndan ybarat. Türkmen türgeni olaryň iň abraýlysyna - premýer-liga gatnaşar.
Ondan başga-da, ýaryşa 61 ýurtdan 427 karateçi gatnaşar. Liganyň indiki tapgyrlary Rabatda (Marokko, 12-14-nji maý), Fukuokede (Ýaponiýa, 9-11-nji iýun) we Dublinde (Irlandiýa, 8-10-njy sentýabr) dowam eder.
Artur PETROSÝANS