Iň täze habarlar

Ýaş aşgabatlylar üçin kýorling bilen meşgullanmaga mümkinçilik açyldy

28.01.2023 | 12:41 |
 Ýaş aşgabatlylar üçin kýorling bilen meşgullanmaga mümkinçilik açyldy

Aşgabadyň Gyşky oýunlar sport toplumynyň binýadynda kýorling bölümi açyldy, ol Türkmenistanyň Kýorling federasiýasynyň goldamagynda hereket eder.

Kýorling — sportyň toparlaýyn görnüşi bolup, onda oýunçylar buzly meýdança boýunça ýörite esbaby belli bir nyşana düşürmek üçin ondan-oňa hereket edýärler.

Oýun taktikanyň işlenip düzülmegini talap edýär we toparlaýyn işi öwredýär, ol bolsa aragatnaşyk we liderlik başarnyklaryň ösmeginde öz beýanyny tapýar.

13 ýaşdan 17 ýaşa çenli bolan ýetginjek gyzlar we oglanlar bu bölüme ýazylyp bilerler we Türkmenistan üçin sportuň täze görnüşi bolan bu oýnuň inçe syrlaryny öwrenip bilerler.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: (+993 64) 766888.

ORIENT habarlar

Foto: typical-moscow.ru

Şeýle hem okaň: