Ermenistanda Türkmenistanyň Medeniýet günlerini geçirmegiň guramaçylyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
25.01.2023 | 16:11 |Ermenistanda Türkmenistanyň Medeniýet günlerini geçirmek we beýleki meselleri Türkmenistanyň Ermenistandaky ilçisi Muhammetgeldi Aýazow we ýurduň daşary işler ministriniň orunbasary Mnasakan Safarýan ara alyp maslahtalaşdylar – diýip, türkmen diplomatik wekilhanasynyň Instagram sahypasynda habar berilýär.
Taraplar şeýle hem beýik türkmen şahyry Magtymgulynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan dürli çäreleriň, Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary Instituty bilen Ermenistanyň DIM-niň diplomatik mekdebiniň özara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmegiň meselelerine garadylar.
Duşuşygyň gün tertibi şeýle hem iki ýurduň ykdysady gatnaşyklaryny pugtalandyrmagy öz içine aldy. Şunuň bilen baglylykda, bilelikdäki hökümetara komissiýasynyň ähmiýeti bellenip geçildi. Komissiýanyň soňky dokuzynjy mejlisi geçen ýylyň sentýabrynda Aşgabatda bolupdy.
ORIENT habarlar