Türkmenistanda paýnamalary nädip satyn almaly we gymmatly kagyzlar bazarynyň nähili düzgünler boýunça işleýär
22.12.2022 | 15:54 |Mowzuga girmezden ozal, birnäçe toslamanyň üstünde durup geçeliň. Paýnamalar we gazna bazary – bu çylşyrymly däl. Şeýle hem gymmatly kagyzlar diňe Wall Street millionerleri üçin däl. Olar adaty maliýe gurallary bolup, biziň ozal bank karzlarynyň ýa-da goýumlarynyň ulanyşyny ýazyşymyz ýaly islendik adam olary ulanmagy öwrenip biler.
Gymmatly kagyzlar bazary – islendik adam üçin şahsy tygşytlamalaryny gorap saklamak we artdyrmak üçin mümkinçilikdir. Türkmenistanda hereket edýän Aşgabadyň gazna biržasy (AGB) häzirki wagtda işjeň ösüş tapgyrynda bolup, bu material biržanyň hünärmenleri bilen geçirilen söhbetdeşlikleriň esasynda taýýarlandy.
Türkmenistanda paýnamalary nahili satyn almaly
Türkmenistanda paýnamalary dellallaryň üsti bilen, ýagny AGB-da paýnama alyjylary we satyjylaryň arasynda araçy bolup çykyş edýän, gymmatly kagyzlar bazaryndaky hünärmenleriň üsti bilen satyn alyp bilersiňiz. Mümkin bolan maýa goýujy we dellal şertnama baglaşmalydyr. Soňra gymmatly kagyzlar bilen amallar üçin maýa goýujynyň adyna ýörite dellal hasaby açylar.
Biržada gymmatly kagyzlary satyn almak isleýän adaty adamyň, söwdanyň nädip, haýsy düzgünler we haçan amala aşyrylýandygyny bilmegi zerur däldir. Elbetde, özüňiz üçin gyzykly bolsa, amalyň ähli jikme-jikliklerini resmi resminamada okap bilersiňiz. Emma hakykatda, alyjy belli bir bahadan belli bir mukdarda paýnama satyn almak üçin dellala ýüz tutsa – bu ýeterlikdir.
Türkmenistanda alty sany ygtyýarly dellal işleýär we olaryň bäşisi täjirçilik banklary, biri bolsa hususy kompaniýadyr. Dellallar bilen habarlaşmak üçin telefon belgileri AGB saýtynda «Gymmatly kagyzlar bazarynyň gatnaşyjylary» bölüminde görkezilýär.
Paýnama satyn almak näme berýär Paýnama satyn alaňyzda paýdar bolýarsyňyz, ýagny paýdarlar jemgyýetiniň eýelerinden biri bolýarsyňyz we ähli paýnama eýeleriniň arasynda bölünýän, Paýdarlar Jemgyýetiniň düşewündiniň belli bir bölegini, ýagny girdeji alarsyňyz. Size degişli gymmatly kagyzlar näçe köp bolsa, şonça-da girdejiňiz köp bolar.
Mundan başga-da, belli bir Paýdarlar Jemgyýetiniň paýnamalary, degişli bahany kesgitlemek bilen, ikinji derejeli bazarda has gymmat satylyp bilner. Mysal üçin, bazarda PJ-niň satyşa çykaran başlangyç ýerleşdiriş paýnamalary gutaryp, olara-da isleg bar bolsa, onda paýdar öz gymmatly kagyzlaryny ikinji bazarda satmak üçin has ýokary bahadan goýup, laýyk girdeji alyp biler.
Şol bir wagtyň özünde, paýnamalardan girdeji paýy, bank goýumlary ýaly beýleki maliýe gurallary bilen deňeşdirilende ep-esli ýokary bolup biler. Şonuň üçin Türkmenistandaky paýdarlar üçin paýnamalary satyn almak uzak möhletli we girdejili maýa goýum bolup biler.
Paýnama eýeçiligiň ýene-de bir aýratynlygy – bu Paýdarlar Jemgyýetiniň umumy ýygnaklaryna gatnaşmak we möhüm dolandyryş kararlary kabul edilende ses bermek mümkinçiligidir. Paýdaryň paýnamasy näçe köp bolsa, sesleri şonça-da möhüm hasaplanýar.
Türkmenistanda paýnamalary kim satyn alýar
Öň bellenip geçilişi ýaly, paýnamalary satyn almak islendik adam üçin elýeterlidir. Aşgabadyň gazna biržasynyň üsti bilen satylan paýnamalaryň 57 göterimden gowragy fiziki şahslar, ýagny ýönekeý raýatlar tarapyndan satyn alyndy.
Eger sizi «az serişde bilen paýnama satyn alyp bilerinmi?» diýen sorag gyzyklandyrýan bolsa, onda käbir paýdarlaryň paýnama satylanda müň manatdan geçmeýän möçberde satyn alýandygyny aýdyp bileris. Bu adaty zat. Biržada paýnama satyn almak üçin iň pes ýa-da iň ýokary çäk ýok.
Paýnamalary nädip satmaly
Gymmatly kagyzlaryňyzy satmak isleseňiz, olary Aşgabadyň gazna biržasynyň üsti bilen ikinji bazara satyp bilersiňiz. Häzirki wagtda Türkmenistanda satyljak paýnamalaryň sany gaty çäkli bolansoň, olaryň ikinji bazarda çalt we kabul ederlikli bahadan satyn alynmagyna ähtimallyk bar.
Size degişli paýnamalary biržanyň daşyndan geleşik arkaly satmak mümkinçiligi bar. Munuň üçin özüňiz alyjy tapmaly we dellalyň üsti bilen göni alyjy bilen gymmatly kagyzlary satmak üçin şertnama baglaşmaly.
Şeýle hem paýnamalary çykaran paýdarlar jemgyýetiniň gymmatly kagyzlaryny sizden yzyna satyn almagy mümkin. Emma şeýle ýagdaýda satuwdan alynýan girdejä bil baglamaly däl. Şonuň üçin paýnamalary satmakda iň oňat görnüş – bu bahalaryň tapawudynda hakyky gazanç etmek mümkinçiligi bolan ikinji derejeli bazardyr.
Eziz Öwezow
Surat: redaksiýanyň arhiwinden