Iň täze habarlar

Aşgabatda ýoga boýunça seminar geçiriler

16.12.2022 | 18:20 |
 Aşgabatda ýoga boýunça seminar geçiriler

24-nji dekabrda Aşgabatda gadymy türgenleşik däbi bilen meşgullanmaga başlaýanlar üçin ýoga boýunça seminar geçiriler – diýip, Hindistanyň Türkmenistandaky ilçihanasy habar berýär.

Sapaklar Hindistandan gelen bilermen Nilama Watsa tarapyndan tälim bermek bilen sagat 8.00-dan 9.00 çenli geçiriler.

Giriş mugt. Gelýänlerden diňe ruhy türgenleşigi özleşdirmäge bolan ägirt uly isleg we ýanynda gerekli esbabyň – ýoga halyjygynyň bolmagy talap edilýär.

Ýoga sapaklary adamyň bedeniniň ýaşaýyşyny üpjün edýän ähli süňňüne oňyn täsir edýär. Ýoga bilen hemişelik meşgullanýanlaryň ählisi bedeniň güýçli we çeýe bolýandygyny, aň-paýhasyň durgunlaşýandygyny, ähli pikirleriň bolsa ýerbe-ýer bolýandygyny belläp geçýärler.

ORIENT habarlar
Surat: pinterest.com

Şeýle hem okaň: