Iň täze habarlar

Russiýa Türkmenistany "Daşary ýurtdaky rus mugallymy" maksatnamasyna gatnaşmaga çagyrdy

13.12.2022 | 11:08 |
 Russiýa Türkmenistany "Daşary ýurtdaky rus mugallymy" maksatnamasyna gatnaşmaga çagyrdy

Russiýa Türkmenistany "Daşary ýurtdaky rus mugallymy" gumanitar maksatnamasyna gatnaşmaga çagyrdy. Bu barada Aşgabada iş sapary bilen gelen Federasiýa Geňeşiniň başlygynyň orunbasary Konstantin Kosaçýow şenbe güni TASS agentligine beren interwýusynda mälim etdi.

Bu maksatnama köp ýurtlarda uly islegden peýdalanýar - şäherleride we çet obalarda ýerleşen mekdeplerde okatmak üçin rus dili mugallymlary we beýleki fizika ýa-da matematika ýaly dersleri rus dilinde öwremek üçin mugallymlar iberýär.

Wise-premýer Türkmenistanyň we Russiýanyň gumanitar ugurda hyzmatdaşlyk etmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriniň bardygyny belläp geçdi, iki ýurduň bilermenleri tarapyndan işlenip düzülýän we durmuşa geçirilýän taslamalar munuň aýdyň subutnamasydyr. Gürrüň türkmen-rus uniwersitetiniň döredilmegi barada barýar - türkmen tarapy eýýäm geljekki uniwersitetiň nirede bina edilmelidigini kesgitledi - diýip, Koşaçýow aýtdy.

Beýleki taslamalar, ýagny A.S.Puşkin adyndaky türkmen-rus mekdebi üçin goşmaça binanyň we Rus drama teatrynyň täze binasynyň gurluşygynyň üstünde hem işlenilýär - diýip, russiýaly myhman aýtdy.

ORIENT news

Şeýle hem okaň: