Iň täze habarlar

Russiýa Türkmenistana maýmyn mama keselini ýüze çykarmak üçin test-ulgamyny berer

10.06.2022 | 21:13 |
 Russiýa Türkmenistana maýmyn mama keselini ýüze çykarmak üçin test-ulgamyny berer

Russsiýanyň sarp edijileriň hukuklarynyň goralyşyna gözegçilik etmek boýunça gullugy (Rospotrebnadzor) Türkmenistana maýmyn mama keselini ýüze çykarmak üçin test-ulgamyny berer hem-de maslahat bermekde ýardam eder diýip, Gullugyň metbugat-gullugyna salgylanyp, RIA Nowosti habar berdi.

Russsiýanyň sarp edijileriň hukuklarynyň goralyşyna gözegçilik etmek boýunça gullugynyň ýolbaşçysy Anna Popowa Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri Nurmuhammet Amannepesow bilen duşuşyk geçirdi.

“Dünýäniň birnäçe ýurtlarynda maýmyn mama keseli bilen kesellenilmeginiň bellige alnandygy bilen baglylykda, Russsiýanyň sarp edijileriň hukuklarynyň goralyşyna gözegçilik etmek boýunça gullugy Türkmenistandan bolan hyzmatdaşlara Gullugyň “Wektor” ylmy merkezi tarapyndan bu keseliň barlaghana anyklaýyşy üçin işlenilip taýýarlanylan testleri berer hem-de maslahat bermekde ýardam eder” diýilip, habarda aýdylýar.

Şeýle hem Russsiýanyň sarp edijileriň hukuklarynyň goralyşyna gözegçilik etmek boýunça gullugy türkmen hünärmenleri üçin täze we gaýtadan ýüze çykýan ýokançlaryň öňüni almak we olary anyklamak meseleleri boýunça hünär ýokarlandyryş okuwlaryny gurar diýilip, metbugat gullugynda bellediler.

Russsiýanyň sarp edijileriň hukuklarynyň goralyşyna gözegçilik etmek boýunça gullugy ilatyň arassaçylyk-ýokanç taýdan abadançylygyny üpjün etmek babatda Türkmenistan bilen özara hereketini dowam eder diýilip edarada anyklaşdyryldy.

ORIENT news

Şeýle hem okaň: