Iň täze habarlar

Türkmenistanyň Döwlet sirki ajaýyp tomaşa çagyrýar

08.10.2025 | 18:00
Türkmenistanyň Döwlet sirki ajaýyp tomaşa çagyrýar

12-nji oktýabrda sagat 18:00-da Türkmenistanyň Döwlet sirki ähli watandaşlara we myhmanlara öz gapylaryny açyp, olary ajaýyp we täsirli tomaşasyna çagyrýar. Tomaşaçylara meşhur artistleriň we üýtgeşik sirk çykyşlary bilen baýlaşdyrylan maksatnama garaşýar.

Agşamky maksatnamada:

• Dürli sirk oýunlary we artistleriň täze, täsirli çykyşlary.

• Dünýäniň dürli künjeklerinden getirilen haýwanlaryň çykyşlary.

• Meşhur “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar topary hem-de “Türkmen jigitleri” topary ýurdumyzyň çäginden daşarda hem tanalýan ussatlyklaryny görkezerler.

• “Gündogar ýyldyzlary” milli sirk toparynyň ýaş zehinleri çykyş ederler.

Türkmenistanyň Döwlet sirki size sabyrsyzlyk bilen garaşýar!

Biletleri resmi web sahypa arkaly satyn alyp bilersiňiz: sirk.gov.tm

Habarlaşmak üçin: 39-80-44, 39-80-45, 36-10-95.

ORIENT