Iň täze habarlar

«Hor Tureskogo» topary Aşgabatda iki konsert berer

22.06.2024 | 09:46
«Hor Tureskogo» topary Aşgabatda iki konsert berer

26-njy iýunda Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Russiýanyň «Hor Tureskogo» saz toparynyň konserti bolar.

Konsert günüň dowamynda iki gezek 16:00 we 19:00-da geçiriler.

1990-njy ýylda Russiýanyň at gazanan artisti Mihail Tureskiý tarapyndan döredilen «Hor Tureskogo» saz topary özüniň gaýtalanmajak repertuary hem-de ussatlygy bilen şöhrat gazandy. Bu toparyň dünýäniň dürli künjeklerinde millionlarça muşdaklary bar.

Habarlaşmak üçin telefon (+993 12) 48-95-69.

ORIENT news