7-nji fewralda Aşgabatda boş iş orunlarynyň ýarmarkasy geçiriler
24.01.2023 | 21:58Aşgabadyň Köpetdag etrabynyň zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümi Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň şäher komiteti bilen bilelikde şäheriň işe ýerleşmek isleýän ýaşaýjylaryny, şeýle hem Aşgabatda ýerleşýän dürli edaralaryň, guramalaryň we kärhanalaryň wekillerini boş iş orunlarynyň ýarmarkasyna çagyrýar.
Iş ýerlerini gözleýänleriň ýanynda şahsyýetini tassyklaýan resminama, zähmet depderçesi (bar bolsa), şeýle hem hünär bilimi baradaky şahadatnama bolmalydyr.
Geçirilýän senesi we wagty: 2023-nji ýylyň 7-nji fewraly, sagat 09:00-dan 12:00-a çenli
Habarlaşmak üçin telefon belgileri:
Aşgabat şäheriniň ilatyň zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirligi (Seýitnazar Seýdi köçe, jaý 3), tel: 92-14-56
Bagtyýarlyk etraby (Bekrewe, 2211 köçe, jaý 25.) tel: 37-36-68
Berkararlyk etraby (Bekrewe, 2211 köçe, jaý 25.) tel: 37-36-67
Büzmeýin etraby (Oguzhan köçe, jaý 8.) tel: 33-12-69
Köpetdag etraby (Seýitnazar Seýdi köçe, jaý 3.) tel: 92-15-26
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komiteti (S. Türkmenbaşy şaýoly, jaý 81.) tel: 22-74-07.