ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy ykdysady meseleler boýunça kömekçini işe alýar
24.01.2023 | 21:53ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy ykdysady meseleler boýunça kömekçiniň iş ornuny yglan etdi.
Ykdysady meseleler boýunça kömekçiniň wezipe borçlaryna Türkmenistandaky ykdysady maglumaty toplamak we seljermek, degişli döwlet edaralary, halkara guramalary we hususy pudagyň wekilleri bilen aragatnaşygy ýola goýmak girýär.
Ol şeýle hem zenanlaryň ykdysady hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek meseleleri, şeýle hem telekeçilik we işewürligi ösdürmek boýunça esasy bilermen hökmünde çykyş edýär.
Dalaşgäre bolan talaplar:
Dalaşgäriň ykdysadyýet, işewürlik, menejment, halkara söwdasy ýa-da şuňa meňzeş ugurlardan ýokary bilimi bolmalydyr, şeýle hem ykdysady ýa-da biznes seljermesini, ykdysady hasaplylygy ýerine ýetirýän döwlete degişli ýa-da hususy guramada azyndan üç ýyl iş tejribesi bolmaly we ş.m. Ol iňlis, rus we türkmen dillerini ýokary derejede bilýändigini görkezmelidir.
Ýüz tutmalar diňe iňlis dilinde 2023-nji ýylyň 7-nji fewralyna çenli işe girmek üçin elektron goşundy ERA-da şu salgylanma boýunça tabşyrylmaly.
Nähili ýüz tutmalydygy barada goşmaça maglumaty almak üçin ilçihananyň saýtyna giriň.