Iň täze habarlar

Tahyr Ataýewiň orkestri Fransiýa syýahat etmäge çagyrýar

23.01.2023 | 16:45
Tahyr Ataýewiň orkestri Fransiýa syýahat etmäge çagyrýar
Magtymguly adyndaky milli sazly- drama teatry
+99362 53-28-71; +99365 55-90-15

Konsertiň geçirilýän senesi: 9-njy fewral

Wagty: sagat 19:00

Biletiň bahasy: 80 manat

Tahyr Ataýewiň orkestri fransuz sazlaryna bagyşlanan konserte çagyrýar. Sazandalar Pol Moria, Džo Dassen ýaly ýerine ýetirijileriň nusgawy eserleriniň we beýleki köp sanly awtorlaryň saz eserlerini ýerine ýetirip, tomaşaçylary Fransiýa syýahata äkiderler. Agşamda şeýle hem meşhur fransuz kinolentalaryndan eserler ýaňlanar.

Geçen ýyl orkestriň Fransiýanyň sazlaryna bagyşlanan «Paris, mon Amour!» konsertinde doly anşlag bolupdy. Diňleýjileriň köp sanly isleglerini nazara alyp, gurnaýjylar iki çäre geçirmek kararyna geldiler.

-Fransuz sazy baý we gaýtalanmajakdyr. Ol, ilki bilen, söýgi hakynda. Şol sebäpli konsertiň ähli aşyk-magşuklaryň Gününiň öňüsyrasynda geçirilmegi aýratyn ähmiýete eýe bolýar – diýip, gurnaýjylar belleýärler.