Rumyniýanyň hökümeti daşary ýurtlylar üçin talyp haklaryny hödürleýär
20.01.2023 | 16:06ÝB-ne girmeýän ýurtlaryň raýatlary üçin Rumyniýanyň hökümetiniň talyp hakyny almak üçin ýüz tutmalaryň kabul edişligi dowam edýär. Bu barada Rumyniýanyň daşary syýasat edarasy habar berýär.
Talyp haky Rumyniýanyň ýokary okuw mekdepleriniň birinde bakalawriat, magistratura we doktorantura maksatnamalarynda tölegsiz okamaklygy göz öňünde tutýar.
Dalaşgärler lukmançylykdan, stomatologiýadan we farmasewtikadan başga islendik ugurda özlerini gyzyklandyrýan okuw maksatnamasyny saýlap bilerler. Bakalawrlar we magistrantlar üçin okuw maksatnamalary diňe rumyn dilinde elýeterlidir, doktorantlar iňlis dilindäki ýa-da doktorlyk mekdebi tarapyndan kesgitlenen daşary ýurt dilindäki okuwy saýlap bilerler.
Rumyn dilini bilmeýänler üçin maksatnama ýazylmakdan öňürti taýýarlyk okuwlary geçiriler.
Gyzyklanýan taraplar ýüz tutmalary we degişli resminamalary 2023-nji ýylyň 1-nji martyna çenli bilim boýunça onlaýn platformada tabşyryp bilerler.
Ýüz tutmalary tabşyrmagyň usuly we şertleri barada has jikme-jik maglumatlary şu salgylanma boýunça tanşyp bolýar.