Iň täze habarlar

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy iňlis dilindäki açyk onlaýn-kurslara çagyrýar

17.01.2023 | 23:34
ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy iňlis dilindäki açyk onlaýn-kurslara çagyrýar

Iňlis dilinde ýokary hilli bilim almak üçin açyk köpçülikleýin onlaýn-kurslara ýazylyşyk dowam edýär. Islendik adam – mugallymlar, dürli ugurdan bolan hünärmenler, bütin dünýäden talyplar we belli bir ugurdan iňlis dili bilimini gowulandyrmak isleýänler tölegsiz okuw geçip bilerler.

Ýazylyşyk 2023-nji ýylyň martyna çenli açykdyr.

Köpçülikleýin açyk onlaýn-kurslar (MOOK) – bu ugurda ýokary gitmek, kolleje girmek üçin taýýarlanmakda goşmaça bilim almak üçin, şeýle hem okuwyny korporatiw görnüşde elektron geçmek üçin täze başarnyklary özleşdirmegiň elýeterli we çeýe usulydyr. Kurslaryň käbiriniň dowamlylygy 5 hepdä çekýär, käbirleri has köpdür.

Hususan-da, işewürlik we telekeçilik, žurnalistika, media sowatlylygy, hünär ugry boýunça ösüş üçin kurslar elýeterdir, şeýle hem STEM ugrundan (tebigy ylymlar, tehnologiýa, inženerçilik we matematika) okamak elýeterdir.

Bütin dünýäde millionlarça adamlar MOOK-dan okuw kursuny geçýärler. Okuwy tamamlanlara degişli şahadatnama gowşurylýar.

Okuw hakynda maglumatlary almak we oňa arza bilen ýüz tutmak üçin salgylanmany resmi saýtdan tapyp bolýar Open english.