Iň täze habarlar

Mary welaýatynda boş iş orunlarynyň ýarmarkasy geçiriler

16.01.2023 | 17:34
Mary welaýatynda boş iş orunlarynyň ýarmarkasy geçiriler
(+993 560) 6-28-01 ; (+993 560) 6-28-04

Ýolöten etrabynyň zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümi işe ýerleşmek isleýän ýerli ýaşaýjylary, şeýle hem etrabyň çäginde ýerleşýän dürli edaralaryň, guramalaryň we kärhanalaryň wekillerini boş iş orunlarynyň ýarmarkasyna çagyrýar.

Iş ýerlerini gözleýänleriň ýanynda şahsyýetini tassyklaýan resminamasy, zähmet depderçesi (bar bolsa), şeýle hem hünär bilimi baradaky şahadatnamasy bolmalydyr.

Geçirilýän senesi we ýeri: 20-nji ýanwar, sagat 9:00-dan 12:00-a çenli.