Türkmenistanyň goranmak ministrligi okuwçylaryň harby mekdeplere kabul edişligiň başlanandygyny yglan etdi
16.01.2023 | 15:56Türkmenistanyň Goranmak Ministrliginiň ýöriteleşdirilen mekdepleri 2023-2024-nji okuw ýyly üçin kabul edişligiň başlanandygyny yglan etdi. 14-15 ýaşa ýeten, orta mekdebiň 8-nji synpyny tamamlan raýatlar mekdebiň okuwçylary bolup bilerler. Okuwyň möhleti 4 ýyl. Bu mekdeplerde harby taýýarlygyň esaslaryny çuňňur öwrenmek boýunça, beden we ruhy terbiýäni kämilleşdirmek boýunça işler alnyp barylýar.
Harby mekdepleriň dalaşgärleri aşakdaky resminamalaryň sanawy bilen ýerli harby wekillige arza tabşyrmalydyrlar:
- Dalaşgäriň ene-atasynyň onuň harby mekdebiň okuwçysy bolmagyna razydygy baradaky ýazmaça tassyklamasy (eger-de ene-atasy Türkmenistanyň çäginde ýaşamaýan bolsa, degişli resminamany Döwlet migrasiýa gullugy berýär);
- Ene-atasynyň pasporty;
- Anketa we terjimehal;
- Dogluş hakynda şahadatnama;
- Orta mekdepde ýetişigi baradaky kepilnama (1, 2 we 3 çärýekleriň bahalary);
- 3х4 ölçegde 6 surat, 4х6 ölçegde 4 surat, 9х12 ölçegde 2 surat;
- Orta mekdep tarapyndan berlen häsiýetnama;
- Mekdebiň direktory tarapyndan tassyklanan şahsy iş;
- Saglyk kartasy, ýaşaýan ýerinden saglyk ýagdaýy barada kepilnama;
- Sanjymlar baradaky öňüni alyş kartasy;
- Ýaşaýan ýeri barada kepilnama we maşgala ýagdaýy barada maglumat;
- Ene-atasynyň biriniň ölendigi barada kepilnama (eger-de bar bolsa);
Geçmek üçin esasy şert – mekdep maksatnamasynyň 8-nji synpa çenli ähli dersleri boýunça test-synag we türkmen dilinden diktant. Synag-testi üstünlikli tabşyran dalaşgärler umumy ýaşaýyş jaýynda ýer, dört wagtyna iýmit we dynç almak üçin gerekli serişdeler bilen üpjün ediler.