Iň täze habarlar

Amerikan Geňeşi 2023-nji ýylyň alyş-çalyş maksatnamasyna gatnaşyjylar üçin mugallymyň kömekçisini işe alýar

14.01.2023 | 23:01
Amerikan Geňeşi 2023-nji ýylyň alyş-çalyş maksatnamasyna gatnaşyjylar  üçin mugallymyň kömekçisini işe alýar

Türkmenistandaky Amerikan geňeşi 2023-nji ýylyň alyş-çalyş maksatnamasyna gatnaşyjylar üçin mugallymyň kömekçisiniň iş ornuny yglan etdi.

Kömekçi alyş-çalyş maksatnamasynyň gatnaşyjylaryny taýýarlamakda Amerikan geňeşiniň materiallaryny ulanmak arkaly mugallyma kömek etmelidir; uçurym hökmünde öz tejribesini paýlaşmalydyr, şeýle hem talyplary ABŞ-nyň taryhy we kabul edýän amerikan maşgalasynyň durmuşybilen tanyşdyrmalydyr.

Aprel aýynda mugallymlary okatmak boýunça dört hepdelik seminary geçip we sapaklaryň meýilnamasy bilen içgin tanyşyp, kömekçi talyplary taýýarlamak boýunça duşuşyklara işjeň gatnaşmalydyr, uçurymlaryň gatnaşmagynda degişli sessiýalary geçirmelidir.

Hünär derejesi:

Mugallymyň kömekçisi alyş-çalyş maksatnamasynyň (FLEX/YES) uçurymy bolmalydyr we tamamlanan orta bilimli we ozal talyplary sapara taýýarlamagyň azyndan bir tapgyryny okadan bolmalydyr.

Ol şeýle hem 2023-nji ýylyň iýun ýa-da iýul aýynda PDO-nyň iki ýa-da üç tapgyryny okatmak üçin elýeterli bolmalydyr (maksatnamanyň merkeziniň direktorynyň karary bilen kesgitlenýär).

Şahsyýetara aragatnaşyk başarnyklary we dürli ýaşdaky we dürli medeni gelip çykyşly adamlar bilen işleşmek ukyby makullanýar.

Gyzyklanýan adamlar degişli görnüşdäki arzany doldurmalydyrlar arza, düzme ýazmaly we şu elektron poçta arkaly ugratmaly: flex@americancouncilstm.org.

Ýüz tutmalary tabşyrmagyň soňky möhleti: 2023-nji ýylyň 3-nji fewraly