ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasyndaky boş iş orunlary
11.01.2023 | 20:49ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň jemgyýetçilik gatnaşyklary bölüminde Bileleşigi dolandyrmak we Sanly önümçilik boýunça Utgaşdyryjy (Community Management and Digital Production Coordinator) we strategiki kontenti utgaşdyrmak boýunça hünärmen (Strategic Content Coordination Specialist) iş orunlary açyldy.
BILELEŞIGI DOLANDYRMAK WE SANLY ÖNÜMÇILIK BOÝUNÇA UTGAŞDYRYJY
Bileleşigi dolandyrmak we Sanly Önümçilik boýunça Utgaşdyryjy strategiki kontenti utgaşdyrmak boýunça hünärmeniň gönüden-göni ýolbaşçylygynda ýa-da jemgyýetçilik gatnaşyklary boýunça işgäriň ýolbaşçylygynda işleýär. Ol ilçihananyň sanly resurslary üçin kontentiň döredilmegine, oňa hyzmat edilmegine, şol sanda sosial torlara, web-saýta jogap berýär, ilçihananyň ileri tutýan işlerini onlaýn-giňişlikde öňe gidermek üçin ýyllyk redaksion senenamany işläp düzýär.
Dalaşgärlere bolan talaplar
Dalaşgärleriň köp dilli ýa-da köp milletli guramada azyndan üç ýyl iş tejribesi bolmaly, jemgyýetçilik bilen onlaýn özara täsir boýunça tejribesi, hem multimedia, hem däp bolup gelýän formatda kontent (mazmun) döretmek boýunça tejribesi bolmaly. Utgaşdyryjy şeýle hem bazary barlamagy we seljermegi, auditoriýanyň mätäçliklerini barlamagy, dürli onlaýn kampaniýalaryny geçirmegi başarmalydyr.
Bilime bolan talaplar:
Žurnalistika, kommunikasiýa, biznes, marketing, halkara gatnaşyklary, syýasatşynaslyk ugrundan ýokary bilim talap edilýär. Mundan başga-da, gepleşik we ýazmaça iňlis, türkmen we rus dillerini suwara bilmek talap edilýär.
STRATEGIKI KONTENTI UTGAŞDYRMAK BOÝUNÇA HÜNÄRMEN
Borçlary
Öz gezeginde, strategiki kontenti utgaşdyrmak boýunça hünärmen jemgyýetçilik bilen özara gatnaşyklary internetde ilçihananyň sanly resurslarynyň üsti bilen (sosial torlar, mobil gurluşlar) gözegçilik edýär, türkmen auditoriýasynda ýaýratmak üçin kontentiň önümçiligini utgaşdyrýar. Ol şeýle hem ilçihana tarapyndan ösüp barýan sanly tehnologiýalaryň syýasatyny we ýolbaşçylyk edýän ýörelgelerini işläp düzýär.
Dalaşgärlere bolan talaplar
Dalaşgärleriň jemgyýetçilik bilen sanly we däp bolup gelýän formatda multimedia kampaniýalaryny işläp düzmekde we geçirmekde dört ýyl iş tejribesi bolmaly. Ol şeýle hem iňlis, rus we türkmen dillerini gepleşikde we ýazmaça suwara bilmelidir.
Bilime bolan talaplar:
Kommunikasiýa, biznes, marketing ugrundan ýokary bilim.
Ýüz tutmalary 31-nji ýanwara çenli şu salgylanma boýunça tabşyrmaly.
urat: telemetr.me