Iň täze habarlar

Türkmenistandaky Gateway International-a buhgalter gerek

10.01.2023 | 17:57
Türkmenistandaky Gateway International-a buhgalter gerek

Gateway International kompanýasynyň Aşgabatdaky şahamçasyna buhgalter hasabaty boýunça hünärmen talap edilýär.

Işgäriň borçlaryna buhgalterçilik we salgyt kanunçylygynyň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmek, hasap maglumatlaryny girizmek, şeýle hem wezipe borçlary bilen bagly beýleki tabşyryklary ýerine ýetirmek girýär.

Buhgalterçilik hasaby boýunça hünärmen buhgalterçilik hasaby ýa-da maliýe ugrundan derejesi bolmaly, iň azyndan buhgalteriýada (hasaphanada) 2 ýyl iş tejribesi bolmaly, dürli buhgalterçilik programmalaryndan baş çykarmaly. Oňa şeýle hem buhgalterçilik hasabynyň ýerli ýörelgelerini bilmek, bir wagtyň özünde köp tabşyryklary ýerine ýetirmek düzgüninde işläp bilmek zerurdyr.

Ýüz tutmalary ýa-da rezýumeleri şu elektron salga ugradyp bolýar ik@gateway.com.tr.

Kompaniýanyň sorag-jogap gullugynyň telefon belgisi: (+993 12) 400212.

Surat: do.rea.ru