Simfoniki orkestr çagalary aýdym-sazly ertekä çagyrýar
29.12.2022 | 22:182023-nji ýylyň 15-nji ýanwarynda paýtagtyň mukamlar köşgünde Türkmenistanyp döwlet simfoniki orkestriniň ýerine ýetirmeginde orkestrli erteki bolar. Çeper ýolbaşçysy we baş dirižýory Resul Gylyjow.
Sergeý Prokofýewiň ertekisiniň äheňleri boýunça “Petýa we möjek” atly aýdym-sazly çykyş şol gün iki gezek – 16:00-da we 18:00-da görkeziler. Ertekini Wasiliý Andronow okaýar.
Petekleri 22 38 98; +99363 467177; 51 41 57; +99364 037456 telefon belgilerine jaň edip öňünden buýrup bolýar.