Geçen hepde (18–24-nji oktýabr) Hytaýda bolan esasy wakalar uzak möhletleýin ykdysady meýilleşdirmä, halkara söwda diplomatiýasyna we düýpli infrastruktura taslamalaryna gönükdirildi
2026-njy ýylda Türkiýe eksporty goldamak we daşarky ykdysady işjeňligi höweslendirmek maksady bilen “Söwdanyň düzgünleşdirilmegi, ösdürilmegi we ýeňilleşdirilmegi” atly maksatnamany amala aşyrmak üçin takmynan 1,77 milliard ABŞ dollary (58,4 milliard türk lirasy) möçberinde serişdeleri bölüp berer.
Hytaý startaplary dünýä tehnologiýa meýdançasynyň öň hatarlaryna çykyp, emeli aň, robototehnika we awtonom tehnologiýalar ýaly ugurlarda täze ölçegleri kesgitleýän kompaniýalary döredýärler.
2026-njy ýylyň 14–16-njy ýanwary aralygynda Türkiýäniň Stambul şäherinde örtükler, örtük çig mallary, gurluşyk himiýasy, kleý hem-de barlaghana we önümçilik enjamlaryna bagyşlanan 10-njy Halkara “Turkcoat Istanbul 2026” sergisi geçiriler.
2026-njy ýylyň 17–21-nji ýanwary aralygynda Italiýanyň Rimini şäherinde süýjülik we desert önümçiligine bagyşlanan halkara derejeli sergileriň biri bolan SIGEP – The Dolce World Expo geçiriler.
19-23 oktýabr aralygynda Ženewa şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Söwda we ösüş boýunça konferensiýasynyň (ÝUNKTAD) 16-njy sessiýasy geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Nazar Agahanowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti esasy ykdysady forumlaryň işine işjeň gatnaşdy
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi (SSTB) birleşmäniň agzalaryny Türkmenistanyň Prezidentiniň kararlaryna we döwlet maksatnamalaryna laýyklykda Balkan welaýatynda gurulmagy meýilleşdirilýän täze desgalaryň gurluşyk taslamalaryna gatnaşmaga çagyrdy.
Türkiýe dünýäde polat öndürilişi boýunça ýedinji orny, Ýewropada bolsa birinji orny eýeläp, dünýä metallurgiýa pudagyndaky ornuny has-da pugtalandyrdy.
Deňiz-derýa ulaglary pudagyny işjeň ösdürýän Türkmenistan, Türkmenbaşy deňiz port şäherinde iri halkara çäräniň geçirilmegi boýunça meýilnamany tassyklady
23-nji oktýabrda, penşenbe güni, geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowade Eýran Yslam Respublikasynyň eksport mümkinçilikleri boýunça ýöriteleşdirilen serginiň Türkmenistanda geçirmek üçin taýýarlyk işleri barada hasabat berildi