

Türkmenistan 2024-2026-njy ýyllar üçin ÝUNISEF-iň Ýerine ýetiriji geňeşiniň agzalygyna saýlandy
BMG-niň Ykdysady we Sosial Geňeşiniň (ECOSOC) guramaçylyk sessiýasynda Türkmenistany BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) 2024-2026-njy ýyllar üçin Ýerine ýetiriji geňeşiniň agzalygyna biragyzdan saýladylar. Bu barada Türkmenistanyň BMG-nyň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasynyň saýty habar berýär.



















