

Magtymguly adymdaky TDU-nyň kafedra müdiri Türkmenistanda «Ýylyň mugallymy» adyna mynasyp boldy
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň arheologiýa we etnografiýa kafedrasynyň müdiri Mähri Perdeliýewa «Ýylyň mugallymy» diýlip yglan edildi. Bu abraýly hünär adynyň eýesiniň dabaraly sylaglanmagy şol ýokary okuw mekdebinde bolup geçdi.




















