HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň diplomatik wekilhanasy «MA — ÝB» 10-njy duşuşygynyň barşynda sebitdäki parahatçylykly tagallalar barada gürrüň berdi

Iýun 14, 2023 | 11:04 |5894
Türkmenistanyň Gazagystandaky ilçisi Batyr Rejepow Ýewropa Birleşigi bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky howpsuzlyk syýasaty meseleleri boýunça Astanada geçen her ýylky geçirilýän 10-njy duşuşyga gatnaşdy – diýip, Türkmenistanyň GR-daky ilçihanasy habar berýär.Türkmenistanyň Gazagystandaky ilçisi Batyr Rejepow Ýewropa Birleşigi bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky howpsuzlyk syýasaty meseleleri boýunça Astanada geçen her ýylky geçirilýän 10-njy duşuşyga gatnaşdy – diýip, Türkmenistanyň GR-daky ilçihanasy habar berýär.
Çeşme: @embassy_of_turkmenistan

Türkmenistanyň Gazagystandaky ilçisi Batyr Rejepow Ýewropa Birleşigi bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky howpsuzlyk syýasaty meseleleri boýunça Astanada geçen her ýylky geçirilýän 10-njy duşuşyga gatnaşdy – diýip, Türkmenistanyň GR-daky ilçihanasy habar berýär.

ÝB bilen Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň we Gyrgyzystanyň wekilleriniň arasyndaky gepleşikleriň barşynda taraplar suw serişdeleri, howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meseleleri, özara arabaglanyşyk babatyndaky meseleleri çözmekde golaýda geçen «ÝB — MA» sammitiniň meýdanynda gazanylan ylalaşyklardan ugur alyp, hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar.

Şeýle hem duşuşygyň çäklerinde neşe serişdeleriniň bikanun söwdasyna garşy göreşmäge we serhet düzgünlerine degişli pikir alyşmalar bolup geçdi. Bu jähtde Ýewropa Birleşiginiň bu ugurlarda hyzmatdaşlygyň netijeliligini ýokarlandyrmaga taýýardygy habar berildi.

Yzygiderli gatnaşyklaryň howpsuzlygyň, ykdysadyýetiň, bilimiň, ylmyň we innowasiýanyň umumy meseleleri boýunça sebitara özara gatnaşyklaryny ösdürmäge ýardam edýändigi nygtaldy.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Söwda paçlarynyň netijesinde ABŞ-a garaşlylygy azaltmak üçin kanadaly öndürijiler täze bazarlary we pudaklary gözleýärler

Söwda paçlarynyň netijesinde ABŞ-a garaşlylygy azaltmak üçin kanadaly öndürijiler täze bazarlary we pudaklary gözleýärler

23:00 Sentýabr 16, 2026
IAEA 2060-njy ýyla çenli atom energetikasynyň üç esse artmagyny çaklaýar

IAEA 2060-njy ýyla çenli atom energetikasynyň üç esse artmagyny çaklaýar

21:00 Sentýabr 16, 2026
Türkiýede 2-nji Ýakyn Gündogar azyk sergisi MFF 2026 geçiriler

Türkiýede 2-nji Ýakyn Gündogar azyk sergisi MFF 2026 geçiriler

20:52 Sentýabr 16, 2026