HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen türgeni agyr atletika boýunça Gawananyň Gran-prisiniň kümüş baýragynyň eýesi boldy

Iýun 14, 2023 | 12:49 |7286
Türkmen ştangaçysy Gaýgysyz Töräýew agyr atletika boýunça Kubanyň paýtagtynda geçirilýän Gawananyň Gran-prisiniň kümüş medalyny gazandy.Türkmen ştangaçysy Gaýgysyz Töräýew agyr atletika boýunça Kubanyň paýtagtynda geçirilýän Gawananyň Gran-prisiniň kümüş medalyny gazandy.
Çeşme: Instagram.com/@torayew_gaygysyz

Türkmen ştangaçysy Gaýgysyz Töräýew agyr atletika boýunça Kubanyň paýtagtynda geçirilýän Gawananyň Gran-prisiniň kümüş medalyny gazandy.

On dokuz ýaşly türgen 81 kg çenli agram derejesinde ýaryşyň wise-çempiony boldy. Agyr atletikanyň iki görnüşiniň jemleri boýunça Töräýew - 319 kg (144+175) netije görkezdi, şeýdip birinji orny Indoneziýadan gelen Abdulla Rahmat Erwine berdi, onuň jemi agramy - 358 kg deň boldy (156+202). Liderleriň üçlügini Kanadanyň wekili Samýuel Guertin – 313 kg (140+173) jemledi.

Bu ýaryşda türkmen ýygyndysyna üç türgen wekilçilik edýär, şol sanda Olimpiada-2020-niň 59 kg agram derejesindäki kümüş baýragynyň eýesi Polina Gurýewa hem wekilçilik edýär. Ýurduň taryhyndaky ilkinji olimpiýa baýragynyň eýesi 15-nji iýunda Gawananyň meýdançasyna çykar.

Agyr atletikanyň halkara federasiýasynyň (IWF) Gran-prisi — 8-nji iýunda başlanan olimpiýa seçimleriniň bir tapgyrydyr. Bu ýaryş 2024-nji ýylda geçiriljek Olimpiada gatnaşyjylary kesgitlemek üçin reýtingdäki ýerler üçin göreşjek 70-den gowrak ýurtdan dört ýüzden gowrak ştangaçyny ýygnady. Ýaryş 18-nji iýunda tamamlanar.

Artur PETROSÝANS

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Özbegistanda yslam siwilizasiýasynyň mirasyna bagyşlanan halkara media-forumy geçiriler

Özbegistanda yslam siwilizasiýasynyň mirasyna bagyşlanan halkara media-forumy geçiriler

11:40 Awgust 25, 2026
Şahrisabz Bütindünýä senetçilik şäherleriniň hataryna goşuldy: «Iroki» keşdesiniň halkara ykrar edilmesi

Şahrisabz Bütindünýä senetçilik şäherleriniň hataryna goşuldy: «Iroki» keşdesiniň halkara ykrar edilmesi

11:29 Awgust 25, 2026
ABŞ-nyň gazna obligasiýalarynyň girdejiliginiň ýokarlanmagy sebäpli Ýewropanyň obligasiýalary basyş astynda

ABŞ-nyň gazna obligasiýalarynyň girdejiliginiň ýokarlanmagy sebäpli Ýewropanyň obligasiýalary basyş astynda

18:00 Awgust 24, 2026