HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Ýaponiýada kosmodromly ýüzýän şäher peýda bolup biler

Iýun 14, 2023 | 12:00 |9223
N-Ark ýapon kompaniýasy Dogen City özbaşdak ýüzýän şäheriň taslamasyny görkezdi, ol ýerde hatda kosmos raketalary üçin uçurylýan we gonulýan meýdança hem ýerleşer.N-Ark ýapon kompaniýasy Dogen City özbaşdak ýüzýän şäheriň taslamasyny görkezdi, ol ýerde hatda kosmos raketalary üçin uçurylýan we gonulýan meýdança hem ýerleşer.
Çeşme: 3dnews.ru

N-Ark ýapon kompaniýasy Dogen City özbaşdak ýüzýän şäheriň taslamasyny görkezdi, ol ýerde hatda kosmos raketalary üçin uçurylýan we gonulýan meýdança hem ýerleşer.

Diametri 4 km deň bolan uly bolmadyk şäher 10 müň sany hemişelik ýaşaýja niýetlenendir. Birbada oňa 30 müňe golaý daşary ýurtly syýahatçylar baryp görüp bilerler. Şäheriň tegelek görnüşi gazaply howa şertlerine garşy durmaga, şol sanda Günüň dogýan ýurdunda ýygy hadysa bolan sunami suw joşmalaryna garşy durmaga mümkinçilik berer.

Şäheri üç sany aýratyn zolakdan – esasy ýaşaýyş zolagyndan; maglumatlary işleýän ýerasty merkezinden, ol deňiz tarapyndan sowadylar we şäher dolandyryş desgalaryna we lukmançylyga hyzmat edýän bölekden ybarat bolar. Üçünji zolak öz içine ýüzýän gurluşlary alar, olar tegelegiň içinde buhtada ýerleşerler.

Şäherde sosial ähmiýetli köp sanly desgalar – hassahanalar, seýilgähler, stadion, myhmanhanalar, sport meýdançalary bolar. Saglygy goraýyş meselelerine aýratyn üns berler. Onuň ýaşaýjylary telelukmançylygyň hyzmatlaryndan peýdalanyp bilerler, keselleriň öňüni almak üçin ganyň ýokary tehnologiýaly derňewini geçirip bilerler, şeýle hem robotlaşdyrylan hirurgiýa elýeterlilik alarlar.

Kompaniýa tarapyndan geçirilen hasaplamalara görä, ýüzýän şäheriň arassa suwy sarp etmegi her ýylda 2 million litre golaý bolar. Şäherde azyk önümleriniň 7 müň tonnasy öndüriler we 22265 MWt elektrik energiýasy işlenip çykarylar.

Şäheriň guruljak ýeri barada entäk maglumat ýok. Onuň gurluşygynyň ägirt köp tagallalary talap etjekdigi bellidir.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

06:07 Oktýabr 24, 2026
Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

06:05 Oktýabr 24, 2026
Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

05:00 Oktýabr 24, 2026