HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Prezident Serdar Berdimuhamedow balkanly ekerançylar bilen duşuşdy

Iýun 14, 2023 | 11:58 |4176
13-nji iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatynda iş saparynda bolup, sebitiň oba hojalykçylary bilen söhbetdeş boldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.13-nji iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatynda iş saparynda bolup, sebitiň oba hojalykçylary bilen söhbetdeş boldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.
Çeşme: TDH

13-nji iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatynda iş saparynda bolup, sebitiň oba hojalykçylary bilen söhbetdeş boldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.

Welaýatyň Gyzylarbat etrabynyň çägindäki galla meýdanynda Prezident Serdar Berdimuhamedow etrap tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň mehanizatory S.Ödäýew, “Batly-Gadam” hususy kärhanasynyň ýolbaşçysy A.Amanmämmedow hem-de hususy kärhananyň ekerançylyk meýdanynyň daýhany G.Amanmyradow bilen söhbetdeş boldy.

Söhbetdeşlikde Prezident Serdar Berdimuhamedow iş şertleri, maşgala ýagdaýy we kärende ýerinde ösdürip ýetişdirýän ekinleriniň görnüşi hem-de galla meýdanlarynyň hasyllylygy bilen gyzyklandy. Telekeçi bilen bolan söhbetdeşlikde Türkmenistanyň Prezidenti Döwlet obasenagat toplumyna hususyýetçiligiň işjeň çekilmegi netijesinde öndürilýän önümleriň mukdarynyň artýandygyny kanagatlanma bilen belledi we telekeçileriň iş netijeliligini ýokarlandyrmak üçin olara döwletimiz tarapyndan zerur goldawlaryň yzygiderli beriljekdigini nygtady.

Prezident Serdar Berdimuhamedow oba ýerlerinde durmuş derejesiniň mundan beýläk-de ýokarlanmagy, daýhanlaryň öndürijilikli zähmeti we Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda döwletimiziň geljekde-de alada etjekdigini aýtdy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Söwda paçlarynyň netijesinde ABŞ-a garaşlylygy azaltmak üçin kanadaly öndürijiler täze bazarlary we pudaklary gözleýärler

Söwda paçlarynyň netijesinde ABŞ-a garaşlylygy azaltmak üçin kanadaly öndürijiler täze bazarlary we pudaklary gözleýärler

23:00 Sentýabr 16, 2026
IAEA 2060-njy ýyla çenli atom energetikasynyň üç esse artmagyny çaklaýar

IAEA 2060-njy ýyla çenli atom energetikasynyň üç esse artmagyny çaklaýar

21:00 Sentýabr 16, 2026
Türkiýede 2-nji Ýakyn Gündogar azyk sergisi MFF 2026 geçiriler

Türkiýede 2-nji Ýakyn Gündogar azyk sergisi MFF 2026 geçiriler

20:52 Sentýabr 16, 2026