

Türkmenistanda Bütindünýä saglyk güni bellener
Türkmenistanda 7-nji aprel, anna güni Bütindünýä saglyk güni bellenýär. Baýramçylyk mynasybetli sport, bedenterbiýe-sagaldyş we beýleki çäreler gurnalýar.


Türkmenistanda 7-nji aprel, anna güni Bütindünýä saglyk güni bellenýär. Baýramçylyk mynasybetli sport, bedenterbiýe-sagaldyş we beýleki çäreler gurnalýar.


Daşoguz welaýatynyň häkimligi orta bilim edaralarynda düýpli abatlaýyş işlerini geçirmek üçin tender-bäsleşigini yglan etdi – diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.


14-nji aprelde dokuz klubyň gatnaşmagynda futbol boýunça Türkmenistanyň çempionaty başlanýar. Ýaryşyň açylyşyndaky oýunda «Köpetdag» we «Şagadam» komandalary duşuşarlar.


Astrahan oblastynyň gurbernatory Igor Babuşkin Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşugynyň dowamynda Astrahan bilen Türkmenbaşynyň arasynda kadaly uçar gatnawyny ýola goýmagyň mümkinçiligine garamagy teklip etdi – diýip, TASS habar berýär.


7-nji aprelde Aşgabatda Bütindünýä saglyk gününe bagyşlanyp köpçülikleýin welosiped ýörişini geçirmek üçin Çandybil şaýoly bölekleýin ýapylar we Bitaraplyk şaýoly — dolulygyna diýen ýaly ýapylar. Bu barada ORIENT-e sport çäresini gurnaýjylar gürrüň berdiler.


Türkmenistana saparynyň çäklerinde Astrahan oblastynyň gubernatory Igor Babuşkin Türkmenbaşyda ýerleşýän prawoslaw buthanasyna knýaz Aleksandr Newskiýniň ikonasyny gowşurdy – diýip, «Astrahan 24» habar berýär.


Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow türk kompaniýalaryny çagalar üçin önümleri öndürýän toplumyň, şeýle hem Arkadag şäherindäki Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň ýanynda derman serişdelerini öndürmek boýunça toplumyň gurluşygyna gatnaşmaga çagyrdy – diýip, TDH habar berýär.


Amerikan telekeçileri Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda iňňe görnüşli koksyň önümçiligini, onuň esasynda bolsa — grafitirlenen elektrodlaryň önümçiligini ýola goýmak boýunça taslamany ýerine ýetirmeklige gyzyklanýarlar.


Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Tatarystanyň kompaniýalaryny Arkadag şäheriniň gurluşygynyň taslamasyna gatnaşmaga çagyrdy. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň raisi Rustam Minnihanowyň Aşgabada eden saparynyň jemleri boýunça TDH habar berýär.


Medeni-ynsanperwer ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmekligiň meseleleri Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi Atageldi Baýramowyň Min-on Music ýapon birleşmesiniň prezidenti Kadzuto Ito bilen duşuşygynyň barşynda ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada türkmen diplomatik wekilhanasynyň saýtynda habar berilýär.


Kazan (Priwolžskiý) federal uniwersitetiniň Ýelabuž institutynyň türkmen talyplarynyň «Magtymguly Pyragy» woleýbol topary Talyp sport klublarynyň birleşmesiniň çempionatynyň (АССК) respublika derejesinde ýeňiş gazandy.


Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň politehniki orta hünär mekdebinde sport çäresi geçdi.


Hokkeý boýunça Türkmenistanyň ýygyndysy Aşgabatda Kazanyň «Ak bars» komandasy bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirer.


Özbegistanyň Konstitusion kanunynyň «Özbegistan Respublikasynyň Konstitusiýasy hakynda» taslamasyny Braýlyň harpynda çap etdiler – diýip, Özbegistanyň milli maglumatlar agentligi habar berýär.


Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary instituty «Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek strategiýasynda ulag-üstaşyr geçelgeleriň mümkinçilikleri» atly ylmy işleriň halkara bäsleşigini geçirýär.