

Türkmen dzýudoçylary ýetginjekleriň dünýä çempionatyna gatnaşýarlar
Türkmen dzýudoçylary 4-7-nji oktýabr aralygynda Odiwelasda (Portugaliýa) geçiriljek ýetginjekler dünýä çempionatyna gatnaşýarlar.


Türkmen dzýudoçylary 4-7-nji oktýabr aralygynda Odiwelasda (Portugaliýa) geçiriljek ýetginjekler dünýä çempionatyna gatnaşýarlar.


Türkmen boksçylary Aktauda (Gazagystan) Kambar Andaşewiň hatyrasyna geçirilen halkara ýaryşda bäş medal - bir altyn, iki kümüş we iki bürünç gazandylar. Bu barada ORIENT-iň habarçysyna bu sportuň federasiýasy tarapyndan habar berildi.


Türkmen boksçysy Baýramdurdy Nurmuhammedow Hytaýyň Hançžou şäherinde geçirilýän XIX Aziýa oýunlarynda bürünç medal aldy.


Ýokary okuw mekdebi bu assosiasiýa agza bolmak bilen, onuň çäklerinde guralýan möhüm ähmiýetli ylmy maslahatlara, taslamalara we barlaglara gatnaşmaga mümkinçilik alar.


89 ýaşly Şamyrat Nazarow Arkadag şäheriniň iň ýaşuly ýaşaýjysydyr. Ilkinji “akylly” şäheriň ýaşuly ýaşaýjysy şu töwerekde 1934-nji ýylyň 22-nji awgustynda doglupdyr. Häzrki wagtda onuň 4 ogly, 6 gyzy, 43 agtygy, 74 sany hem çowlugy bar diýlip, “Arkadag” gazetinde habar berilýär.


Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna degişli dürli maksatly desgalaryň 48-sini hususylaşdyrmak üçin bäsleşikli söwdalary yglan etdi. Bu baradaky bildiriş Türkmenistanyň resmi metbugatynda çap edildi.


Halkara futbol guramasy FIFA, futbol boýunça dünýä çempionaty-2030 Marokkoda, Portugaliýada we Ispaniýada geçiriljekdigini, ýaryşyň 100 ýyllygyny bellemek üçin ilkinji üç oýunyň Argentinada, Paragwaýda we Urugwaýda oýnaljakdygyny (ilkinji dünýä çempionaty Urugwaýda geçirildi) habar berdi.


Ýurdunyň wekiliýetiniň başynda Aşgabata saparda bolan Azerbaýjanyň Ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarow çarşenbe güni Türkmenistanyň hökümeti bilen birnäçe gepleşik geçirdi.


Çarşenbe güni Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarowy kabul etdi.


Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Gismat Gozalowy kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.


Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Wenesiýa şäheriniň ýakynynda köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelere getiren awtobus heläkçiligi zerarly Italiýa Respublikasynyň Prezidenti Serjio Mattarella gynanç hatyny iberdi.


“Ýewraziýa ykdysady bileleşiginiň çägine nebit önümlerini iberip biljekleriň arasynda Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlaryny görýäris. Bu etap iş tertibinde dowam edýär "- diýip, Gazagystanyň energetika ministri Almasadam Satkaliýew çarşenbe güni geçirilen metbugat ýygnagynda aýtdy.


Çarşenbe güni Aşgabatda, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Berdiniýaz Mätiýewiň Bütindünýä bankynyň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin müdiri Tatýana Proskurýakowa bilen duşuşygy geçirildi.


Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýew 4-nji oktýabrda Liwiýanyň ýaşlaryň işleri boýunça ministri Fatallah Elzuni bilen duşuşdy.


Merkezi Aziýada Ýewropa Bileleşiginiň bilelikdäki ikitaraplaýyn we sebitleýin taslamalarynyň häzirki ýagdaýy we geljegi çarşenbe güni Aşgabatda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa we ÝB-niň Türkmenistandaky Ilçisi Beata Peksa tarapyndan ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşyga ÝB-niň Gazagystandaky wekilhanasynyň hyzmatdaşlyk bölüminiň ýolbaşçysy Ýohannes Baur şeýle-de Halkara Ssöwda merkeziniň we Halkara hyzmatdaşlyk boýunça German agentliginiň wekilleri hem gatnaşdy.