FIFA: Dünýä çempionaty-2030 üç yklymda, alty ýurtda geçiriler


Halkara futbol guramasy FIFA, futbol boýunça dünýä çempionaty-2030 Marokkoda, Portugaliýada we Ispaniýada geçiriljekdigini, ýaryşyň 100 ýyllygyny bellemek üçin ilkinji üç oýunyň Argentinada, Paragwaýda we Urugwaýda oýnaljakdygyny (ilkinji dünýä çempionaty Urugwaýda geçirildi) habar berdi.
Çarşenbe güni yglan edilen karar dünýä çempionatynyň üç yklymyň alty dürli ýurdunda geçiriljekdigini aňladýar.
«FIFA Geňeşi ýeke-täk dalaşgäriň 2030-njy ýylda çäräni geçirjek Marokkonyň, Portugaliýanyň we Ispaniýanyň bilelikdäki teklibi boljakdygy barada biragyzdan ylalaşdy», — diýip FIFA-nyň beýanynda aýdylýar.
«Bölünen dünýäde FIFA we futbol birleşýär. Bütin futbol dünýäsine wekilçilik edýän FIFA Geňeşi, ilkinji gezek 1930-njy ýylda Urugwaýda geçirilen FIFA dünýä çempionatynyň 100 ýyllygyny iň laýyk görnüşde bellemäge biragyzdan razy boldy. Netijede, baýramçylyk Günorta Amerikada geçiriler we Günorta Amerikanyň üç ýurdy – Urugwaý, Argentina we Paragwaý – futbol boýunça dünýä çempionaty-2030-de hersi bir oýun gurar. Bu üç oýnuň ilkinjisi, elbetde, hemme zadyň başlanan — Montewideoda «Sentenario» stadionynda oýnalar».

«Biziň özboluşly global gatnaşygymyz bolar. Üç yklym - Afrika, Ýewropa we Günorta Amerika we alty ýurt - Argentina, Marokko, Paragwaý, Portugaliýa, Ispaniýa we Urugwaý, dünýäni salamlap we birleşdirip, ajaýyp oýunyň 100 ýyllygyny we futbol boýunça dünýä çempionatyny bilelikde bellär», — diýip Janni Infantino beýan etdi.
Bu aralykda, Saud Arabystany FIFA dünýä çempionaty-2034 ýer eýeçiligini etmek isleýändigini mälim etdi diýip, SPA döwlet habarlar agentligi habar berdi.
«Patyşalyk dünýä derejesindäki ýaryşy geçirmegi maksat edinýär we Saud Arabystanynyň dowam edýän sosial we ykdysady özgerişlerinden we ýurduň futbola bolan çuňňur hyjuwyndan ylham alar», -diýip Saud Arabystanyň Futbol federasiýasynyň beýanynda aýdylýar.
Şeýle hem FIFA, çarşenbe güni kabul edilen karar we Kanada, Meksika we ABŞ üçin 2026-njy ýylda ýaryşyň geçirilýändigi sebäpli dünýä çempionaty-2034 geçirmek baradaky teklipleriň Aziýa we Okeaniýa bilen çäklenjekdigini aýtdy.
Saud Arabystanyndan başga-da şu ýyl Täze Zelandiýa bilen bilelikde Zenanlar dünýä çempionatyny geçiren Awstraliýa bolmagy ähtimal.
ORIENT news








