Mikail Jabbarow türkmen hökümetinde birnäçe gepleşik geçirdi


Ýurdunyň wekiliýetiniň başynda Aşgabata saparda bolan Azerbaýjanyň Ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarow çarşenbe güni Türkmenistanyň hökümeti bilen birnäçe gepleşik geçirdi.
Şeýlelikde ol Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen duşuşyp, ykdysady, şol sanda energetika, ulag, maýa goýum, söwda, oba hojalygy we medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegi barada pikir alyşdy.

Duşuşykda iki ýurduň liderleriniň syýasy erkiniň, ýokary derejeli saparlaryň, duşuşyklaryň we çäreleriň gatnaşyklary pugtalandyrmakda möhüm orun tutýandygy we iki ýurduň arasyndaky söwda we ykdysady gatnaşyklary giňeltmek sebitiň ösmegine goşant goşýandygy nygtaldy.

SOCAR-yň wekilleriniň gatnaşmagynda Mikail Jabbarow bilen «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýewiň arasynda geçirilen duşuşykda energetika pudagynda hyzmatdaşlygy giňeltmek, uglewodorod baýlyklaryny bilelikde gözlemek we ösdürmek, mümkin bolan taslamalary durmuşa geçirmek meselelerinde pikir alyşyldy.

Ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarow we Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow hem energetika pudagynda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ösüşine we bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçiliklerine syn berdiler. SOCAR wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen duşuşykda Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasynda energetika pudagynda gol çekilen resminamalarynyň hyzmatdaşlygy giňeltmäge möhüm goşant goşýandygy nygtaldy.

Wize-premýer, türkmen-azerbaýjan hökümetara komissiýasynyň başlygy Batyr Atdaýew bilen Jabbarow ikitaraplaýyn haryt dolanyşygyny ýokarlandyrmagyň we işewür toparlaryň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdy we hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisini geçirdi.

ORIENT news








