Serdar Berdimuhamedow Аzerbaýjanyň täze ilçisinden ynanç hatlaryny kabul etdi


Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Gismat Gozalowy kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.
Diplomat, döwlet Baştutanymyza Prezident Ilham Aliýewiň mähirli salamyny we Azerbaýjanyň iki goňşy ýurduň hem-de halkyň bähbidine laýyk gelýän däp bolan döwletara dialoga ygrarlydygyny tassyklaýan sözlerini ýetirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjanyň doly ygtyýarly wekilini jogapkärli diplomatik wezipä bellenmegi bilen gutlap we Azerbaýjanly kärdeşine iň gowy arzuwlaryny aýdyp, iki ýurduň arasynda ikitaraplaýyn syýasy dialogynyň we söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň okgunly ilerledilýändigi, abraýly halkara we sebit guramalarynyň çäklerinde hem netijeli hyzmatdaşlyk edilýändigini belledi.
Duşuşykda, dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy has çuňlaşdyrmagyň we ösdürmegiň geljegi barada gyzyklanma bildirildi diýip, türkmen döwlet tele- radiosynyň agşamky ýaýlymynda aýdyldy.
ORIENT news








