Habarlar

10 müň tonna nebit artyk çykaryldy10 müň tonna nebit artyk çykaryldy

10 müň tonna nebit artyk çykaryldy

“Türkmennebit” döwlet konserniniň iň baýry ýataklarynda iş alyp barýan “Goturdepenebit” nebit-gaz müdirliginiň hünärmenleri şu ýylyň birinji ýarymynda nebit berýän guýulardan 534 müň tonna nebit aldylar. Munuň özi, geçen ýylyň degişli döwrüniň önümçilik görkezijisi bilen deňeşdirilende, bu hazynalar mesgeninden gymmatly uglewodorod çig malynyň jemi 10 müň 125 tonnasynyň artyk alnandygyna şaýatlyk edýär.

Gazagyztanyň awiakompaniýasy zenanlar ekipažy bilen ilkinji uçuşyny amala aşyrdyGazagyztanyň awiakompaniýasy zenanlar ekipažy bilen ilkinji uçuşyny amala aşyrdy

Gazagyztanyň awiakompaniýasy zenanlar ekipažy bilen ilkinji uçuşyny amala aşyrdy

QAZAQ AIR awiakompaniýasynyň uçary taryhy uçuş etdi: De-Gawilland Dash 8- Q400 uçarynyň ekipažy tutuşlygyna aýallardan ybaratdy diýip, Almaty.tv awiakompaniýanyň metbugat gullugyna salgylanýar. Serkerde Ýekaterina Swerçkowanyň we ikinji uçarman Ažar Nesipbaýewanyň gözegçiliginde howa gämisi Astana - Petropawlowsk - Astana we Astana - Omsk - Astana ugurlarynda iki uçuş amala aşyrdy. Tutuş ekipaž aýaldan – uçaryň serkerdesi, ikinji uçarman we 2 bortprowodnikden ybaratdy.

Täjigistan zähmet migrantlarynyň hünär taýýarlygyna girişerTäjigistan zähmet migrantlarynyň hünär taýýarlygyna girişer

Täjigistan zähmet migrantlarynyň hünär taýýarlygyna girişer

Täjigistanda ýurtda migrantlary hünärmen derejesinde taýýarlamak boýunça taslama ýola goýulýar. Esasy üns hünärmenleriň dil bilimine gönükdiriler, sebäbi respublikanyň raýatlarynyň daşary ýurtlarda işe ýerleşmeginde esasy päsgelçilik olaryň daşary ýurt dillerini bilmezligidir. Ulular üçin bilim merkezlerinde iňlis, koreý we ýapon dili kurslaryny açmak meýilleşdirilýär – diýip, Sputnik habar berýär.